Ýurdumyzda düýpli we amaly ylymlary, innowasion senagaty ösdürmek, zehinli ýaşlary ýokary tehnologiýalar hem-de ylym ulgamlaryna çekmek boýunça çäreler durmuşa geçiriler. Bularyň ählisi dünýä ölçeglerine laýyk gelýän, bäsdeşlige ukyply, netijeli önümçilik we ylmy işleri alyp barýan hünärmenleriň hem-de alymlaryň neslini kemala getirmäge gönükdirilendir.
Iş meýilnamasyna laýyklykda, şu ýylda beýik türkmen şahyry we Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli “Magtymguly Pyragy we umumadamzat medeni gymmatlyklary” atly halkara ylmy maslahaty, 3-nji Türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumyny geçirmek meýilleşdirilýär.
Geljekki işleriň meýilnamalary işlenip düzülende, eziz Diýarymyzyň ýeten belent sepgitlerini, halkara abraýyny, bedew batly ösüşlerini hem-de pederlerimizden miras galan milliligimizi, däp-dessurlarymyzy, edep-terbiýäni, maşgala mukaddesligini wagyz etmek, şeýle hem birnäçe medeni-durmuş maksatly çäreleri, maslahatlary geçirmek wezipeleri göz öňünde tutuldy. Bu barada 19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Amannepesow hasabat berdi.