19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň Baş direktory M.Çakyýew ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmek, maglumat tehnologiýalary we kiberhowpsuzlyk ugurlary boýunça ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, bu ugurda milli önümçiligi ösdürmek ugrunda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli Kararyň taslamasy hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň kiberhowpsuzlygyny berkitmegiň, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň döwrüň talabydygyny belledi hem-de «Türkmenistanda kiberhowpsuzlygy üpjün etmek boýunça işleri güýçlendirmek üçin ýerine ýetirilmeli çäreler hakynda» Karara gol çekdi hem-de ony sanly ulgam arkaly agentligiň ýolbaşçysyna iberdi we birnäçe anyk tabşyryklary berdi.

Milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sany artýar
Soňra agentligiň ýolbaşçysy ýurdumyzyň milli elektron kommunikasiýa ulgamlary barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga, sanly hyzmatlary yzygiderli artdyrmaga gönükdirilen çäreler durmuşa geçirilýär.
Sanly hyzmatlaryň täze görnüşleriniň hatarynda “Türkmenawtoulaglary” agentligi tarapyndan hususy kärhanalar bilen bilelikde işe girizilen “Duralga” atly mobil goşundyny görkezmek bolar. Mundan başga-da, milli elektron kommunikasiýalar ulgamlarynyň sanyny artdyrmak maksady bilen, “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň önümçilik binýadynda täze “Belet Video” hyzmaty işe girizildi we onda ylmy-okuw, aýdym-saz, okuw materiallary, habarlar, dokumental filmler ýaly dürli wideolaryň yzygiderli üstüniň ýetirilmegi ýola goýuldy. Ýurdumyzda milli “Elektron hökümet” ulgamyny emele getirmekde hem täze çemeleşmelerden ugur alynýandygy barada aýdyldy. Onda dünýä tejribesinde üstünlikli ulanylýan X-Road arhitekturasyny ornaşdyrmak meýilleşdirilýär we häzirki wagtda BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde üpjün edijini saýlamak işleri geçirilýär.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, milli elektron kommunikasiýa ulgamlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy bilen, ýurdumyzda internet akymlarynyň möçberiniň yzygiderli artýandygyny belledi we raýatlaryň sanly hyzmatlara bolan isleglerini kanagatlandyrmak boýunça işleri mundan beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.