19-njy ýanwarda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow Türkmenistanyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, halkara guramalar, hususan-da, ÝHHG bilen gatnaşyklary ösdürmek döwletimiziň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu gurama bilen hyzmatdaşlygy syýasy, ykdysady, daşky gurşaw we ynsanperwer ugurlar boýunça netijeli alnyp barylýar. Türkmenistanyň halkara başlangyçlaryny hem-de garaýyşlaryny öňe sürmek, dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek üçin ÝHHG bilen bilelikdäki maslahatlary, geňeşmeleri, beýleki çäreleri guramak babatda degişli işler geçirilýär.
Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek boýunça birnäçe teklipler hödürlenildi. Hususan-da, parahatçylygy, howpsuzlygy berkitmekde we durnukly ösüşi üpjün etmekde bitaraplygyň ähmiýetini açyp görkezmek maksady bilen, «Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sebitinde howpsuzlygy pugtalandyrmakda we ynamy berkitmekde bitarap ýurtlaryň orny» atly halkara maslahatyny şu ýylyň birinji ýarymynda Aşgabatda geçirmek teklip edildi. Bu çärä gurama agza ýurtlaryň hemişelik wekillerini çagyrmak göz öňünde tutulýar. Maslahata gatnaşyjylara ýurdumyz tarapyndan öňe sürülýän Ählumumy howpsuzlyk strategiýasynyň esasy ugurlaryna, şeýle hem ýüze çykýan dürli halkara ýagdaýlary syýasy-diplomatik ýollar arkaly çözmekde bitaraplygyň wajyp gurallaryny ulanmak, syýasy dialogyň medeniýetini dikeltmek ýaly meselelere çekmäge mümkinçilik dörediler.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň ÝHHG bilen hyzmatdaşlygyny ösdürmek we giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň mart aýynda bu guramanyň Baş sekretarynyň Türkmenistana saparyny guramak baradaky teklip beýan edildi. Şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlamentara Assambleýasynyň çäklerinde terrorçylyga garşy alnyp barylýan işlere işjeň gatnaşmak, bu düzümiň çäklerinde hereket edýän Terrorçylyga garşy hereket etmek boýunça komitetiň çäklerinde hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, şu ýylyň aprelinde assambleýanyň wise-prezidentiniň we komitetiň başlygynyň Türkmenistana saparyny guramak teklibi öňe sürüldi.
Wise-premýer, daşary işler ministri Türkmenistanyň Bitaraplyk syýasatyny parlamentarileriň üsti bilen goldamak babatda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak üçin şu ýylyň maý aýynda Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasynyň sebitleýin duşuşygyny Aşgabatda geçirmek baradaky teklibi beýan etdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, beýan edilen teklipleri makullady hem-de ýurdumyzyň abraýly halkara guramalar, şol sanda ÝHHG bilen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmegiň döwletimiziň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ÝHHG bilen hyzmatdaşlygy ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň wajypdygyna ünsi çekip, wise-premýer, daşary işler ministrine meýilleşdirilen çäreleriň ählisiniň ýokary derejede guralmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.