19-njy ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem beýleki meselelere garaldy.
“Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasy
Mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Maliýe we ykdysadyýet ministrligi tarapyndan degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Ýurdumyzy 2024-nji ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” taslamasyny taýýarlamak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Bu resminama “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyndan” hem-de 2024-nji ýylyň Döwlet býujetinden ugur alnyp taýýarlanyldy.
Maksatnamanyň taslamasyna laýyklykda, ýylyň dowamynda ýurdumyzyň makroykdysady taýdan durnukly ösmegini üpjün etmäge hem-de Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny artdyrmaga, jemi içerki önümiň ösüş depginini durnukly saklamaga, pudaklaryň we sebitleriň okgunly ösüşine gönükdirilen çäreler göz öňünde tutulýar. Şeýle-de senagat kärhanalarynyň önümçilik kuwwatlyklarynyň doly işledilmegini gazanmak, sebitlerde täze iş orunlaryny döretmek meýilleşdirilýär. Milli ykdysadyýetimiziň bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmagyň hasabyna eksportyň ugurlaryny artdyrmak we importyň ornuny tutýan önümçilikleri ösdürmek, ekologik taýdan arassa, ýokary hilli oba hojalyk we beýleki azyk önümleriniň öndürilişini artdyrmak gaýragoýulmasyz wezipeleriň hatarynda durýar. Şunuň bilen birlikde, oba hojalyk önümlerini öndürijilere döwlet tarapyndan goldaw bermek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, ilatymyza ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat, durmuş we beýleki hyzmatlaryň ýokary hilli ýerine ýetirilmegini üpjün etmek, kiçi we orta telekeçiligi depginli ösdürmek, amatly işewürlik gurşawyny döretmek, döwlet-hususy hyzmatdaşlygy kämilleşdirmek boýunça işler dowam etdiriler.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty diňläp, 2024-nji ýylda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň taslamasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň döwletimiziň durmuş-ykdysady taýdan durnukly ösüşini üpjün etmäge, pudaklaryň we sebitleriň kuwwatyny berkitmäge, ilatymyzyň iş üpjünçiligini, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýere Maksatnamanyň taslamasynda şu ýylda ýetilmeli makroykdysady görkezijilere, ykdysadyýetiň ähli pudaklary boýunça önümçilik meýilnamalaryna, ýerine ýetirilmeli işlere, welaýatlar we şäherler boýunça durmuş-ykdysady ösüş görkezijilerine ýene-de bir gezek seretmek tabşyryldy.
2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy
Şeýle hem mejlisde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň tagallalary we ýadawsyz aladasy netijesinde ýurdumyzda gurluşyk ulgamyny ösdürmek üçin ähli şertler döredildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şähergurluşyk syýasaty üstünlikli durmuşa geçirilýär, dünýäniň ösen tehnologiýalaryny ulanmak arkaly dürli maksatly binalaryň hem-de desgalaryň gurluşygyna uly möçberde maýa goýumlar gönükdirilýär.
Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygy boýunça degişli ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň, Aşgabat we Arkadag şäherleriniň häkimlikleri bilen bilelikde “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasy işlenip taýýarlanyldy. Onuň çäklerinde möhüm we giň gerimli taslamalaryň ençemesini, şol sanda halkara, sebit ähmiýetine eýe bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň, Balkan welaýatynda täze Halkara howa menziliniň, kuwwaty 1574 megawat bolan, utgaşykly dolanyşykda işleýän elektrik stansiýasynyň, Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň, Garabogazköl aýlagynyň üstünden geçýän köpriniň gurluşygynyň taslamalaryny durmuşa geçirmek göz öňünde tutulýar. Şeýle hem Merkezi Aziýa sebitinde iri taslamalaryň biri bolan Arkadag şäheriniň ikinji tapgyrynyň gurluşyklary dowam etdiriler.
Ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak maksady bilen, maýa goýumlar durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, saglygy goraýyş desgalarynyň, bilim ulgamyna degişli orta mekdepleriň we çagalar baglarynyň, awtomobil ýollarynyň, suw, gaz, elektrik geçirijileriniň, aragatnaşyk ulgamlarynyň, suw arassalaýjy desgalaryň gurluşygyna gönükdiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna “Türkmenistanyň 2024-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynyň” taslamasyny hödürledi.