“Google” kompaniýasy Günorta Amerika bilen Aziýa-Ýuwaş umman sebitini birleşdirjek umman arkaly täze internet kabelini çekmek meýilnamasyny mälim etdi. Bu ugur geograf Aleksandr fon Gumboldtyň hormatyna Humboldt diýip atlandyryldy.
Çilini, fransuz Polineziýasyny we Awstraliýany Ýuwaş umman arkaly göni baglanyşdyrjak optiki süýümli aragatnaşyk Çili hökümetiniň öňden bäri maksady bolup gelýärdi. Häzir bu taslama “Google” goşulandan soň, onuň durmuşa geçirilmegi hakykata has golaý boldy.
Taslama 400 million dollara düşer. Oňa, “Google”-den başga-da, Çiliniň “Desarrollo País infrastruktura” gaznasy, “Office of Posts and Telecommunications of French Polynesia” we beýlekiler gatnaşýarlar. Kabeliň uzynlygy, takmynan, 15 müň kilometr bolar we ol 2026-njy ýyla çenli çekilip gutarylar.
“Analysys Mason” kompaniýasynyň maglumatlaryna görä, “Google”-yň Latyn Amerikasyndaky we Karib deňzindäki öňki suwasty kabelleriniň 2017-nji we 2027-nji ýyllar aralygynda jemi içerki önümiň 178 milliard dollar artmagyna getirer we 2027-nji ýyla çenli, takmynan, 740 müň täze iş ýeri dörediler.