Azerbaýjanyň Döwlet statistika komitetine salgylanyp, “Interfax-Azerbaijan” agentliginiň anna güni beren habaryna görä, üstaşyr geçirilen Türkmenistanyň we Gazagystanyň nebitiniň paýy 5 million 240,7 müň tonna deň boldy.
Hasabat döwründe Baku-Tbilisi-Jeýhan turbageçirijisiniň üsti bilen daşalan nebitiň umumy mukdary 30 million 191,6 müň tonna barabar boldy. Bu görkeziji 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende 1,5 göterim ýokarydyr.
Degişli turbageçiriji arkaly 2023-nji ýylyň ýanwar – noýabr aýlarynda akdyrylan nebitiň umumy möçberiniň 17,3 göterimi ýa-da 4 million 780,8 müň tonnasy Türkmenistanyň we Gazagystanyň paýyna düşüpdi. Bu barada “Türkmeniň ýüpek ýoly” gazetinde habar berilýär.