Çehiýada «Azatlyk we göni demokratiýa» partiýasynyň başlygy Tomio Okamura iň uzak çykyşy bilen Kubanyň Lideri Fidel Kastronyň rekordyny täzeledi. Şeýlelikde, Okamura parlamentde eden çykyşynda 10 sagat 44 minut söz sözledi.
Asly ýaponiýaly deputat öz çykyşynyň dowamynda Çehiýanyň daşary ýurtlarda ýaşaýan raýatlary üçin saýlawlarda ses berişligi guramak barada gürrüň berdi. Ol çykyşynyň dördünji sagadynda penjegini çykardy, ýene iki sagatdan soň suw getirmeklerini haýyş etdi. Şeýlelikde, onuň çykyşy Fidel Kastronyň 1998-nji ýylyň fewralyndaky 7 sagat 15 minutlyk çykyşyndan hem uzak boldy.