Tehnologiýadaky ösüşler dünýädäki iş orunlarynyň, takmynan, 40%-iniň emeli aň bilen çalşylmagyna sebäp bolup biler. Bu barada Halkara Pul Gaznasynyň seljermesinde bellenilip geçilýär.
-Bu tendensiýa hünärmenleri biynjalyk edýär, syýasatçylar sosial dartgynlygyň mundan beýläk-de ýokarlanmagynyň öňüni almak üçin bu meseläni günebirin çözmeli bolarlar – diýlip, HPG-niň dolandyryjy müdiri Kristalina Georgiýewa aýtdy.
HPG-niň seljerişleri, emeli aňyň ösen ykdysadyýetli ýurtlaryň iş orunlarynyň 60%-ine, pes girdejili ýurtlaryň iş orunlarynyň 26%-e täsir edip biljekdigini görkezýär.
Georgiýewanyň aýtmagyna görä, köp ýurtlarda emeli aňyň artykmaçlyklaryndan peýdalanmak üçin infrastruktura ýa-da ökde işçi güýji ýok, şonuň üçin tehnologiýa halklaryň arasyndaky deňsizligi hasam erbetleşdirip biler diýdi.
HPG-niň beýanatynda awtomatizasiýanyň we emeli aňyň zähmet bazaryna ýetirip biljek ýaramaz täsirlerini azaltmak üçin degişli çäreleri görmegiň möhümdigi nygtalýar. Hökümetler we guramalar eýýäm şu wagtdan işgärleri goldamagyň, olaryň gaýtadan taýýarlanmagyny hem-de iş ýerleriniň üýtgemegine uýgunlaşmaklaryny üpjün etmegiň strategiýalaryny işläp düzmeli.