Iň köp sy­ýa­hat­çy bar­an ýurt­lar

89

BMG-niň Bü­tin­dün­ýä Sy­ýa­hat­çy­lyk Gu­ra­ma­sy­ (UNW­TO) ge­çen ýyl iň köp sy­ýa­hat­çy ka­bul eden ýurt­la­ryň sa­na­wy­ny mä­lim et­di. Ozal­ky ýyl­lar­da bol­şy ýa­ly, sa­naw­da Fran­si­ýa bi­rin­ji bol­dy. Paý­tag­tyn­da­ky Eý­fel di­ňi bi­len ta­nal­ýan ýur­da 89,4 mil­li­on myh­man ba­ryp­dyr. Ikin­ji or­ny Ýew­ro­pa­nyň gü­neş­li ül­ke­si Is­pa­ni­ýa (83,7 mil­li­on), üçün­ji ýe­ri ABŞ (79,3 mil­li­on) eýe­läp­dir. Soň­ky ýyl­lar­da has köp sy­ýa­hat­çy­lyk müm­kin­çi­li­gi­ni hö­dür­le­ýän Hy­ta­ýa 65,7 mil­li­on, Ita­li­ýa 64,5 mil­li­on da­şa­ry ýurt­ly ba­ryp­dyr. Sa­naw­da Tür­ki­ýe ga­ra­şyl­ma­dyk ýag­daý­da al­tyn­jy or­ny eýe­läp­dir. Bu ýur­da 51,2 mil­li­on adam ba­ryp­dyr. Mek­si­ka­da dynç alan­la­ryň sa­ny 45 mil­li­on bo­lup­dyr. Tai­land (39,8 mil­li­on), Ger­ma­ni­ýa (39,6 mil­li­on) we Ang­li­ýa (39,4 mil­li­on) de­giş­li­lik­de il­kin­ji on­lu­gy jem­läp­dir. Şeý­le hem Ýa­po­ni­ýa (32,3 mil­li­on), Awst­ri­ýa (31,9 mil­li­on), Gre­si­ýa (31,3 mil­li­on), Ma­laý­zi­ýa (26,1 mil­li­on), Por­tu­ga­li­ýa (24,6 mil­li­on), Rus­si­ýa (24,4 mil­li­on), Gon­kong (23,8 mil­li­on), Pol­şa (22,1 mil­li­on), Ka­na­da (22,1 mil­li­on) we Ni­der­land­lar (20,1 mil­li­on) il­kin­ji ýig­ri­mi ýur­duň ara­sy­na gi­rip­dir.

Ene­jan AL­LA­MY­RA­DO­WA,
Döw­let­mäm­met Aza­dy adyn­da­ky Türk­men mil­li dün­ýä dil­le­ri ins­ti­tu­ty­nyň ta­ly­by.