1571-nji ýylyň 23-nji ýanwarynda Angliýanyň we Irlandiýanyň Şa zenany Ýelizaweta I-iň gatnaşmagynda Londonda “Royal Exchange” (Patyşalyk biržasy) resmi ýagdaýda açylýar. Birža ýurduň Antwerpendäki söwda wekili, täjir Tomas Greşemiň tagallasy bilen döredilýär. Biržanyň ilkinji binasy hem Belgiýanyň Antwerpen şäherindäki birža binasyna meňzedilip gurdurýar. Şeýle hem dizaýn babatda Amsterdam bilen Rotterdam biržalarynyň binalaryndan hem peýdalanylýar.