Amsterdamda Çigildemleriň milli güni bellenildi. Baýramçylygyň hormatyna şäheriň muzeý meýdançasynda gülleriň sergisi guralyp, onda 200 müň sany gül hödürlendi. Bu barada Gazagystanyň “24KZ” web saýty habar berýär. Sergide myhmanlar mugt güllerden owadan çemen baglap, öz ýanlary bilen öýlerine äkidip bilýärler.
Baýramçylyk apreliň ahyryna çenli dowam etjek çigildemler möwsüminiň başlanandygyny alamatlandyrýar. Sergi-ýarmarka ýerli gül ýetişdirýän şereketleriň 500-e golaýy gatnaşýar. Niderlandlar dünýäniň iň iri çigildem eksport ediji ýurdudyr. Ýurt her ýyl daşary ýurtlara üç milliona golaý çigildem ugradýar.
Niderlandlarda Çigildemleriň milli güni 2013-nji ýyldan bäri her ýylyň ýanwar aýynda belleniň geçilýär. Şol gün hemmelere terje güller paýlanýar. Adatça, baýramçylyk Dam meýdançasynda geçirilýär, ýöne bu gezek muzeý meýdanyna göçürildi.