14-nji aprelde geçiriljek TOPIK (Test of Proficiency in Korean) koreý dilini bilmek boýunça 93-nji synaga gatnaşmak üçin Türkmenistanda hasaba alyş başlanýar. Bu barada Koreýa Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň web saýtynda habar berilýär.
Synag tabşyrmak isleýänler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutyna barmalydyr. Ýerleşýän salgysy: Aşgabat ş., 2060-njy köçe, 47-nji jaý.
Arzalar 26-njy ýanwardan başlap 6-njy fewrala çenli kabul edilýär (her gün sagat 09:00 — 15:00 aralygynda).
Synagyň şertleri bilen şu salgylanma arkaly has giňişleýin tanşyp bilersiňiz.