Geçen ýyl Özbegistanyň ykdysadyýetiniň 2022-nji ýyldakydan 6 göterim ösendigi mälim edildi. Ýurduň döwlet agentliginiň ýaýradan maglumatyna görä, jemi içerki önüm 90 milliard 800 million dollara ýetipdir. Maglumatda senagat önümçiliginiň 6,4 %, hyzmatlar pudagynyň 6,8%, gurluşyk pudagynyň 6,4%, oba hojalyk, tokaý we balykçylyk pudagynyň 4,1%, ulag ulgamynyň 8%, bölek söwdanyň bolsa, 9,1% artandygy mälim edildi. Ýurtda hümmetsizlenme 2023-nji ýylda 8,8 göterim bolupdyr.
Geçen ýyl ýurduň daşary söwdasynyň ozalky ýyllardakydan 23,9% artandygy mälim edildi. Eksport 23,8%, import 24% ösüpdir. Maglumatda geçen ýyl ýurtda 88 müň 800 täze kärhana gurlupdyr. Şeýlelikde, 2024-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda 485 müň kärhananyň hereket edýändigi mälim edildi.