23-nji ýanwarda ABŞ-nyň Nýu-Gempşir ştatynda geçirilen deslapky saýlawlarda (praýmeriz) ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp 54% ses alyp, ýeňiş gazandy. Onuň bäsdeşi, ýurduň BMG-däki ozalky hemişelik wekili Nikki Heýli 44,8% ses aldy.
Nýu-Gempşir ştatynda guralan bu syýasy çärä şu ýylyň noýabr aýynda ýurtda guraljak Prezident saýlawlaryna Respublikan partiýanyň öz ýeke-täk dalaşgärini öňe çykarmak maksady bilen geçirildi. Bu ses berlişik, öňki Prezident Donald Trampyň we ABŞ-nyň BMG-däki öňki hemişelik wekili Nikki Heýliniň arasynda güýçli bäsdeşlik ýagdaýynda geçirildi.
Şu ýylyň noýabr aýynda ABŞ-da prezident saýlawlary geçiriler. Respublikan partiýadan dalaşgärlige soňlugy bilen Donald Tramp we Nikki Heýli öňe saýlandy. Demokratik partiýadan bolan ABŞ-nyň häzirki lideri Jozef Baýden hem gaýtadan saýlanmak isleýändigini aýtdy.
Prezident praýmerizleri we kokuslary şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna ýeke-täk dalaşgär hödürlemek maksady bilen Respublikan partiýasy tarapyndan guralýar. Başgaça saýlaw düzgünleri bolan ýurtda Prezident saýlawyna, esasan, iki partiýanyň – Respublikan hem-de Demokratik partiýanyň dalaşgärleri gatnaşýar. Her bir partiýanyň dalaşgärini kesgitlemek üçin hem deslapky saýlaw geçirilýär. Demokratik partiýadan ABŞ-nyň häzirki lideri Jozef Baýdeniň gatnaşmagyna garaşylýar. Respublikanlardan bolsa, kimiň dalaşgär boljagy häzirki wagtda her ştatda dürli wagtda geçirilýän praýmerizleriň netijesinde belli bolar. Bu saýlawlar ABŞ-nyň 50 ştatynyň ählisinde geçiriler. Saýlawyň netijesinde ýeňiji bolan dalaşgär esasy saýlawda Baýden bilen bäsleşer.