Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah as-Sisi we Russiýanyň Prezidenti Wladimir Putin sişenbe güni wideo baglanyşygy arkaly Müsüriň “Ed-Dabaa” atom elektrik stansiýasynyň 4-nji energiýa blogynyň düýbüni tutmak dabarasyna gatnaşdy.
Abdel Fattah as-Sisi wideo ýüzlenmesinde Müsüriň parahatçylykly ýadro maksatnamasynyň ýurduň howpsuz, arzan we uzak möhletli energiýa üpjünçiligini üpjün etmegine, gazylyp alynýan ýangyçlara garaşlylygy azaltmaga, daşky gurşawyň durnuklylygyny ýokarlandyrmaga we howanyň üýtgemegine garşy göreşmäge kömek etjekdigini aýtdy.
Wladimir Putin hem öz gezeginde “Ed-Dabaa” atom elektrik stansiýasynyň Russiýa-Müsür ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygynyň ajaýyp däplerini özünde jemleýän flagman taslamasydygyny belledi.
Russiýanyň habar beriş serişdeleriniň habaryna görä, “Ed-Dabaa” atom elektrik stansiýasynyň 4-nji energiýa blogynda ilkinji betonyň guýulmagy, taýýarlyk işleriniň resmi taýdan tamamlanmagyny we stansiýanyň ähli bloklarynyň gurluşygynyň esasy tapgyryna geçmegi aňladýar.
Müsürdäki ilkinji ýadro desgasy bolan “Al-Dabaa” atom elektrik stansiýasy, Ortaýer deňziniň kenaryndaky Matruh welaýatynyň Ed-Dabaa şäherinde ýerleşýär. 2017-nji ýylda Russiýa bilen Müsür dört sany energiýa blogndan ybarat bu ýadro desgasynyň gurluşygy barada şertnama baglaşdy. Ilkinji iki elektrik blogynyň gurluşygy, degişlilikde, 2022-nji ýylyň iýul we noýabr aýlarynda başlandy we 3-nji energiýa blogynyň gurluşygy boýunça işler 2023-nji ýylyň maý aýynda başlandy. Dört energiýa blogynda umumy kuwwaty, takmynan, 4,8 GWt bolan rus VVER-1200 reaktorlaryny ulanmak meýilleşdirilýär.
Esasy Dünýä täzelikleri Müsürde atom elektrik stansiýasynyň 4-nji blogynyň gurluşygyna badalga berildi