Indoneziýanyň Günbatar Sumatra welaýatyndaky «Titan Arum» (Amorphophallus titanum) atly dünýäniň iň uly güli açyldy. Welaýatyň Agam atly sebitinde goraghananyň çäginde ýerleşýän Palupuah tokaýynda ösüp oturan bu ösümligiň gülüniň boýy 3 metre golaýlaýar. Ýurduň tebigy çeşmeleri gorag gullugy (BKSDA) sebitde şu ýylyň dowamynda ýene dört gülüň açylmagyna garaşylýandygyny mälim etdi. Seýrek duş gelýän we örän seýrek açylýan bu gül dünýäniň iň erbet ysly gülleriniň biridir. Onuň erbet ysy dürli mör-möjekleri özüne çekýär. Seýrek duş gelýändigi sebäpli, adatça bu güller aýratyn goralýar. Tokaýlardan başga-da, bu gül botanika baglarynda, ýaşaýjylaryň howlusynda hem ösýär.