22-nji ýanwarda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň obasenagat toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam arkaly iş maslahatyny geçirdi. Maslahatyň barşynda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we sebitlerde alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen bagly meselelere garaldy.
We­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri se­bit­ler­de do­wam ed­ýän möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler. Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, şu gün­ler bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ge­çi­ril­ýän ideg iş­le­ri ag­ro­teh­ni­ka­nyň ta­lap­la­ry­na la­ýyk­lyk­da al­nyp ba­ryl­ýar. Go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar eki­şe taý­ýar­la­nyl­ýar, hu­su­san-da, sü­rüm, te­kiz­le­ýiş we ge­riş çek­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Öňü­miz­dä­ki ekiş möw­sü­min­de iş­le­dil­jek teh­ni­ka­la­ry hem-de gu­ral­la­ry taý­ýar­la­mak bi­len bir ha­tar­da, pag­ta­çy kä­ren­de­çi­le­ri ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my bi­len üp­jün et­mek üçin to­hum­lyk çig ma­ly pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da gaý­ta­dan iş­le­mek bo­ýun­ça ze­rur iş­ler al­nyp ba­ryl­ýar. Mun­dan baş­ga-da, hä­kim­ler we­la­ýat­lar­da ýe­ral­ma­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­me­li ýer­le­ri­ni eki­şe taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça, şeý­le-de ekin meý­dan­la­ry­nyň daş-tö­we­re­gin­de, su­wa­ryş we şor suw aka­ba­la­ryn­da ge­çi­ril­ýän iş­ler ba­ra­da ha­sa­bat ber­di­ler.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz ha­sa­bat­la­ry diň­läp, hä­zir­ki wagt­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ge­çi­ril­me­gi­niň mö­hüm ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­na ün­si çek­di hem-de we­la­ýat­la­ryň bug­daý eki­len meý­dan­la­ryn­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýän ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­ny ber­jaý et­mek ar­ka­ly ge­çi­ril­me­gi­ni hä­kim­le­re tab­şyr­dy. Şeý­le-de, hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin we­la­ýat­la­ryň go­wa­ça ekil­jek meý­dan­la­ry­ny, ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my­ny ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça al­nyp ba­ryl­ýan iş­le­riň dep­gin­le­ri­niň ýo­kar­lan­dy­ryl­ma­gy­ny, gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ýaz­ky eki­şi­ne taý­ýar­lyk gör­lü­şi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.
Soň­ra Mi­nistr­ler Ka­bi­ne­ti­niň Baş­ly­gy­nyň oba­se­na­gat top­lu­my­na gö­zeg­çi­lik ed­ýän orun­ba­sa­ry T.Ata­hal­ly­ýew ýur­du­myz­da al­nyp ba­ryl­ýan möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bar­şy ba­ra­da ha­sa­bat ber­di.
Bel­le­ni­li­şi ýa­ly, Di­ýa­ry­myz­da gal­la­nyň bol ha­sy­ly­ny ös­dü­rip ýe­tiş­dir­mek mak­sa­dy bi­len, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da de­giş­li ideg iş­le­ri al­nyp ba­ryl­ýar. Şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek meý­dan­lar­da sü­rüm, te­kiz­le­ýiş, ge­riş we çil çek­mek iş­le­ri do­wam ed­ýär. Ekiş­de pag­ta­çy daý­han­la­ry ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hu­my bi­len üp­jün et­mek üçin pag­ta aras­sa­laý­jy kär­ha­na­lar­da pag­ta­ny gaý­ta­dan iş­läp, to­hum­lyk go­wa­ça çi­git­le­ri­ni taý­ýar­la­mak iş­le­ri ge­çi­ril­ýär. Ýaz­ky ekiş möw­sü­min­de ula­nyl­jak oba ho­ja­lyk teh­ni­ka­la­ry­ny we gu­ral­la­ry, ýe­ral­ma­nyň, beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň ekil­jek meý­dan­la­ry­ny ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar­la­mak bo­ýun­ça de­giş­li iş­ler ýe­ri­ne ýe­ti­ril­ýär.
Hor­mat­ly Pre­zi­den­ti­miz ha­sa­ba­ty diň­läp, möw­süm­le­ýin oba ho­ja­lyk iş­le­ri­niň bel­le­nen ag­ro­teh­ni­ki möh­let­ler­de we ýo­ka­ry hil­li ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­niň ze­rur ta­lap bo­lup dur­ýan­dy­gy­ny bel­le­di hem-de şu ýy­lyň ha­sy­ly üçin go­wa­ça ekil­jek ýer­le­riň, pag­ta ön­dü­ri­ji­ler üçin ýo­ka­ry hil­li go­wa­ça to­hum­la­ry­nyň ekiş möw­sü­mi­ne taý­ýar edil­me­gi­ni, bug­daý eki­len meý­dan­lar­da­ky ideg iş­le­ri­niň ag­ro­teh­ni­ka­nyň ka­da­la­ry­na la­ýyk­lyk­da ýe­ri­ne ýe­ti­ril­me­gi­ni, ýe­ral­ma­nyň we beý­le­ki gök-bak­ja ekin­le­ri­niň eki­şi­ne ta­la­ba­la­ýyk taý­ýar­lyk gö­rül­me­gi­ni, hu­su­san-da, bu ekin­le­riň to­hum üp­jün­çi­li­gi­ni berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy wi­se-prem­ýe­re tab­şyr­dy.
Döw­let Baş­tu­ta­ny­myz we­la­ýat­la­ryň hä­kim­le­ri­ne ýüz­le­nip, Oba mil­li mak­sat­na­ma­syn­da şu ýyl üçin göz öňün­de tu­tu­lan we­zi­pe­le­riň dur­mu­şa ge­çi­ril­me­gi­niň, ila­tyň elekt­rik ener­gi­ýa­sy, te­bi­gy gaz, agyz su­wy bi­len bök­denç­siz üp­jün edil­me­gi­niň mö­hüm­di­gi­ne ün­si çek­di we bu ugur­da­ky iş­le­ri berk gö­zeg­çi­lik­de sak­la­ma­gy tab­şyr­dy.