Düýş arzuwlar, pikirler we duýgular esasynda döreýän ukudaky başdangeçirmeler hasaplanýar. Adam uly arzuwlar bilen ýaşaýar. Arzuwlaryna ýetmek üçin pikir ýöredýär hem-de alada edýär. Görülýän düýşleriň 75-80 göterimi gündizki hereketler, oý-pikirler bilen bagly bolup, täsirli we üýtgeşik görnüşde düýşümize girýär. Mysal üçin, guş ýaly uçmak, arzuw edýän ýerimize syýahat etmek, doglan günüňe garaşýan sowgadyň berilmegi, öň gorkup gaçýan güjügiňiziň siziň ýanyňyza gelip dostlaşmagy, sapakda gowy baha alyp, mugallymyň öwgüsine mynasyp bolmak we ş.m.
Bilermenler düýş bilen bagly kesgitlemelerde begençli ýa-da gorkuly wakanyň aňasty aňda täsir galdyrmagy esasynda döreýändigini belleýärler. Ukudaky başdangeçirmeler gaýtalanýan düýşler, oraşan düýşler, arzuwly düýşler we gorkuly düýşler ýaly birnäçe topara bölünýär. Çagalyk döwründe düýş görmek has ösen derejä eýe bolup, adatça her gün diýen ýaly düýş görülýär. Adam ulaldygyça düýşler hem azalýar. Käbir adam bütin ömründe 1-2 gezek düýş görýär. Käbir adam bolsa, bir gijäniň dowamynda 3-4 düýş görýär.
Düýşüň dowamlylygy näçe wagt?
Adatça düýşüň dowamlylygy birnäçe sekuntdan geçmeýär. Ýöne biz oýananymyzda, düýşümizde 1-2 sagada çeken wakany başdan geçiren ýaly duýýarys. Käte ukudan oýananymyzda düýşümiziň dowamyny görmek isleýäris. Käte gören düýşümiz anyk ýadymyza düşýär, käte düýşümizi ýadymyza salyp bilmeýäris. Bu ýagdaý beýniniň işjeňligi bilen bagly bolup, ýadawlyk, howa şerti hem-de saglyk ýagdaýymyz oňa täsir edýär. Düýşleriň arzuwlar esasynda döreýändigi sebäpli, oňa ynanmak we ukudaky wakalary gözlemek ýa-da ýerine ýetirmek nädogry hasaplanýar. Düýşler adamy arzuwly durmuşa ataryp, bagtly geljege ruhlandyrýar.