1918-nji ýy­lyň 27-nji ýan­wa­ryn­da il­kin­ji “Tar­zan” fil­mi su­ra­ta dü­şü­ril­ýär. ABŞ-ly ro­man ýa­zy­jy­sy Ed­gar Raýz Ber­ro­zyň 1912-nji ýyl­da ne­şir edi­len “Maý­myn­la­ryň Tar­za­ny” (Tar­zan of the Apes) ro­ma­ny esa­syn­da su­ra­ta dü­şü­ri­len ady­bir film­de ki­çi­li­gin­den to­kaý­da önüp-ösen hem-de ýa­ba­ny haý­wan­lar bi­len bi­len ýa­şa­ma­ga öw­re­ni­şen og­lan­jy­gyň baş­dan ge­çir­me­le­ri ba­ra­da gür­rüň be­ril­ýär. Bu ses­siz film şow­ly bo­lan­soň, yzy­sü­re “The Ro­mance of Tar­zan” (1918), “The Son of Tar­zan” (1920) we “The Adven­tu­res of Tar­zan” (1921) at­ly “Tar­zan” film­le­ri peý­da bol­ýar. Ki­ne­ma­tog­ra­fi­ýa­nyň ös­me­gi ne­ti­je­sin­de has soň­ky ýyl­lar­da hem “Tar­zan­ly” film­ler dü­şü­ril­ýär.