1855-nji ýylyň 28-nji ýanwarynda Panama demir ýoly (ispança: «Ferrocarril de Panamá») açylyp, ilkinji otly gatnawy amala aşyrylýar. Atlantik we Ýuwaş ummanlaryny birikdiren Merkezi Amerikadaky bu demir ýol ugrunyň uzynlygy 76 kilometrden gowrakdyr. Atlantik ummanynyň kenaryndaky Kolon şäheri bilen Ýuwaş ummanynyň kenarynda – Panama şäheriniň golaýyndaky Balbao şäherçesiniň aralygynda polat ýolunyň gurulmagy şol döwürler uly inženerçilik desgasy hökmünde ykrar edilýär. Geçen asyryň başlarynda Panama kanalynyň gurulmagynda hem bu demir ýol uly ähmiýete eýe bolýar. Emma demir ýoluň käbir bölegi emeli usulda döredilen Gatun kölüniň astynda galýar. Şol sebäpli onuň ugry üýtgedilýär. Geçen asyryň ikinji ýarymynda ýükleriň Panama kanalyndan has köp gatnadylandygy sebäpli, demir ýoluň ulanylyşy azalýar. 1998-nji ýylda demir ýolda abatlaýyş işleri başlanýar we 2001-nji ýylda köp ýeri ozalkysyndan başga ýerden geçýän täze ýol açylýar. Häzirki wagtda «Panama kanal demir ýoly» diýlip atlandyrylýan ýoldan, adatça ýük daşaýan hem bolsa, Kolon hem-de Panama şäherleriniň arasynda ýolagçy gatnawlaryny amala aşyrmakda hem peýdalanylýar.