Eýran öz taryhynda ilkinji gezek birbada üç emeli hemrany kosmosa uçurdy. Bu barada ýurduň ISNA gullugy habar berdi. Maglumatlara görä, hemralar Ýerden 750 kilometr belentlikdäki elliptik orbita çykaryldy.
Onuň binýadynda bir aragatnaşyk we gözleg hemrasy “Mahda” hem-de iki sany nanohemra “Keyhan-2” we “Hatef-1” bar diýip, ISNA habar berdi. Emeli hemralaryň Semnan welaýatyndaky kosmodromdan “Simorgh” atly göteriji raketa bilen uçurylandygyny habar berildi.
“Mahda” enjamynyň esasy wezipesi, dürli wezipeleri ýerine ýetirende “Simorgh”-yň işine we kosmosda täze gurluşlara we tehnologiýalara baha bermekden ybaratdyr. Beýleki iki missiýanyň geopozision we aragatnaşyk tehnologiýasyna gönükdiriljekdigi aýdylýar.
Golaýda Eýran öz ýurdunda öndürilen “Qaem-100” göteriji raketasy arkaly 47 kilogramlyk gözleg we telekommunikasiýa hemrasy “Soraýa”-nyň uçurylandygyny habar beripdi. Bilermenler bu waka ýurduň kosmos maksatnamasyndaky üstünlikli ädim hökmünde baha berdiler. Soňky on ýyllyklarda Eýran birnäçe hemrasyny orbita ugratdy, 2013-nji ýylda bolsa, kosmosa maýmyn uçurdy. Dekabr aýynda Eýran haýwanlary orbita çykarmaga ukyply kapsula iberdi we ýakyn ýyllarda adamly kosmos uçuşlaryny amala aşyrmaga taýýarlyk görýär.