Kot-d’Iwuarda dowam edýän 34-nji Afrika Milletler Kubogynda 1/8 finalyň duşuşyklary geçirilip, çärýek finalçylar belli bolýar.
Soňky çempion Senegalyň ýygyndysy kynlyk bilen 1/8 finala çykan ýer eýeleri Kot-d’Iwuaryň ýygyndysy bilen duşuşdy. 4-nji minutda Habib Diallonyň goly bilen öňe geçen Senegalyň ýygyndysyna duşuşygyň tamamlanmagyna 4 minut galanda, Kessi penalti goly bilen jogap berdi. Şunlukda, oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlanyp, goşmaça wagtda-da üýtgän zat bolmady we ýeňijini penalti urgulary kesgitledi. Bu urgularda-da 5-4 öňe saýlanan Kot-d’Iwuar çärýek finala çykdy.
Şeýle-de, Kabo Werdeniň ýygyndysy Mawritaniýanyň ýygyndysyny Mendesiň 88-nji minutda penaltiden geçiren ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, çärýek finalda oýnamaga hukuk gazandy.
1/8 finalda Angola Namibiýany 3-0, Nigeriýa Kameruny 2-0, Gwineýa-da Ekwator Gwineýasyny Baýonyň 90+8-nji minutda geçiren goly esasynda 1-0 ýeňipdi. Müsür bilen Kongo DR-niň arasyndaky oýnuň esasy wagty 1-1 deňlikde tamamlanyp, penaltileriň netijesinde kongolylar 8-7 ýeňiş gazanypdy we çärýek finala çykdy.
1/8 finalyň duşuşyklary şu gijeki Mali – Burkino Faso hem-de Marokko – Günorta Afrika duşuşyklary bilen tamamlanar.
2-3-nji fewralda oýnaljak çärýek finalda Nigeriýa bilen Angola, Kongo DR bilen Gwineýa, Mali ýa-da Burkino Faso bilen Kot-d’Iwuar, Kabo Werde bilenem Marokko ýa-da Günorta Afrika duşuşar.