1852-nji ýylyň 5-nji fewralynda Russiýanyň Sankt-Peterburg şäherinde Täze Ermitaž muzeýi halk köpçüligine açylýar. 1764-nji ýylda esaslandyrylan muzeý dünýäniň iň gadymy we baý muzeýleriniň hatarynda öňdäki orunlary eýeleýär. Häzirki wagtda has uly toplumdan ybarat bolan muzeýe her ýylda üç milliona golaý myhman baryp görýär.