Malaýziýanyň Johor ştatynyň häkimi Soltan Ibragim Ibni Almarhum Sultan Iskandar 31-nji ýanwarda Malaýziýanyň täze Patyşasy hökmünde kasam kabul etdi. Bu barada “The Star” gazeti Patyşa köşgüne salgylanyp habar berdi. Täze monarhyň kasam kabul ediş dabarasy Kuala-Lumpurdaky Patyşa köşgünde geçirildi.
“New Straits Times” gazeti ozal Malaýziýanyň häzirki ýokary lideri Abdullah Riaýatuddin Al-Mustafa Billahyň öz ygtyýarlyklaryny 2024-nji ýylyň ýanwar aýynyň ahyryna çenli tamamlamagy meýilleşdirýändigini habar berdi. Ol 2019-njy ýylyň 31-nji ýanwaryndan bäri wezipesini ýerine ýetirýär.
Ýurduň ýokary ýolbaşçysy, esasan, wekilçilikli wezipeleri ýerine ýetirýär. Konstitusiýa laýyklykda, hökümetiň islendik karary onuň adyndan we razylygy bilen kabul edilýär, ýöne iş ýüzünde monarh hökümetiň ýa-da mejlisiň tekliplerine esaslanyp, karar kabul edýär. Soňky ýyllarda ýüze çykan syýasy durnuksyzlyk monarhiýanyň has täsirli bir instituta öwrülmegine sebäp boldy: 2020-2022-nji ýyllarda Patyşa üç gezek hökümet Baştutanyny belledi.
Ýurtda mirasdüşer soltanlaryň döwlet Baştutany wezipesine geçmeginiň özboluşly ulgamy bar. Ol öz orunbasary (wezir) bilen bilelikde dokuz ştatyň mirasdüşer hökümdaryndan (yzly-yzyna ikinji möhlete gaýtadan saýlanmak hukugy bolmazdan) bäş ýyllyk möhlete saýlanýar. Dalaşgär 1957-nji ýylda, Patyşa wezipesi döredilende düzülen sanaw arkaly kesgitlenýär. 1958-nji ýylda doglan Ibragim Ismail 2010-njy ýyldan bäri Singapur bilen serhetleşýän Johor ştatyny dolandyrýar.