Russiýanyň 2-nji ligasy bolan “Perwaýa Liganyň” lideri “Dinamo Mahaçkala” toparynyň tälimçisi, ildeşimiz Gurban Berdiýew wezipesini taşlady. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär. Şertnama tälimçiniň islegi boýunça ýatyryldy.

Geçen ýylyň tomsunda “Dinamo Mahaçkala” toparynyň tälimçiligine bellenen 71 ýaşyndaky ussat hünärmeniň ýakyn günlerde Azerbaýjanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi bolmagyna garaşylýar.

Häzirki wagtda “Dinamo Mahaçkala” Russiýanyň 2-nji ligasynda 20 oýundan soň 37 utuk bilen 1-nji orunda barýar. Klub 2-nji ýerdäki “Himkiden” 1 utuk öňde bolup, “Dinamo” topary Berdiýewiň tälimçiliginde 20 oýunda 11 ýeňiş gazandy. 5 gezek hem utulan topar 4 duşuşykda-da deňme-deň oýnady.