Şu ýyl ýaz ir geler. Bu barada ABŞ-nyň Pensilwaniýa ştatynyň Panksatoni şäherçesiniň “halk meteorology” hasaplanýan Fil atly surok habar berdi. Müňlerçe syýahatçylaryň we ýerli ýaşaýjylaryň gatnaşmagynda “Surok klubynyň” wekilleri bäş kilogram agramly gemrijini süreninden çykaryp, onuň hereketini synladylar. Öňden gelýän yryma görä, eger-de jandar öz kölegesinden ürküp, sürenine sümülse, onda gyş ýene-de 6 hepde dowam eder. Eger-de jandar öz kölegesine pitiwa etmese, onda ir geljek ýaza garaşybermeli.
Bu däp-dessurlarda gemrijileriň hereketi synlanyp, ýazyň näwagt geljekdigi kesgitlenilýär. ABŞ-nyň daşky gurşawy goramak boýunça milli merkeziniň maglumatlaryna görä, soňky ýyllarda Filiň çaklamalary köplenç dogry bolup çykypdyr. ABŞ-da surok güni 2-nji fewralda bellenilip geçilýär.
Ilkinji gezek Panksatonide Surok güni 1887-nji ýylyň 2-nji fewralynda resmi taýdan bellenip, bu wakadan bir ýyl öň ýerli “Spirit” gazetinde mundan beýläk her ýylyň 2-nji fewralynyň Surok güni diýip yglan ediljekdigi habar berilýär. Soňra bu däp-dessur 1993-nji ýylda Garold Ramisiň režissýorlygynda surata düşürilen “Surok güni” filmi bilen bütin dünýäde meşhurlyk gazandy.
Däp bolşy ýaly, Surok güni festiwallary ABŞ-nyň we Kanadanyň birnäçe şäherinde geçirilip, bu ýerde ýerli suroklar howanyň nähili boljakdygyny çaklaýarlar. Filiň eýeleri onuň azyndan 138 ýaşyndadygyny we 1886-njy ýyldan bäri çaklamalary öňe sürýändigini belleýärler.