Ronaldo ýanýoldaşyna 100 müň dollarlyk sagat sowgat berdi

205

Saud Arabystanynyň “Al Nassr” klubunyň portugaliýaly super futbolçysy Kristiano Ronaldo ýanýoldaşy Jorjina Rodrigese doglan güni mynasybetli gymmat bahaly sagat sowgat etdi. Ronaldo 30 ýaş toýy üçin beren sagadynyň bahasy 100 müň dollara deňdir. Sagat dünýä belli brend bolan “Jacob and Co” kompaniýasynyň önümi bolup, ol göwher bilen bezelendir.