Çempionlar Ligasynyň soňky 2 ýylynyň ýeňijisi PSŽ täze möwsüme uly hasaply ýeňiş bilen başlady. Öz meýdançasynda “Slowan Bratislawany” kabul eden parižliler garşydaşyny 6-1 hasabynda utdy. Oýunda täze transfer Ferran Torres (31, 47, 57) 3, Usman Dembele (17, 23) 2, Fabian Ruiz (88) 1 gezek tapawutlandy. Taryhynda 2-nji sapar bu ýaryşa wekilçilik edýän “Slowan” toparynyň ýeke-täk goluny bolsa 59-njy minutda Suleiman Kamara geçirdi.
Geçen möwsümiň finalçysy “Arsenal” Italiýada “Napoliniň” myhmany bolup, iň kiçi hasap bilen ýeňiş gazandy. Londonlylara ýeňiş getiren ýeke-täk goly 75-nji minutda Martin Edegor derwezä girizdi.
Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda Türkiýäniň çempiony “Galatasaraý” Inasionyň 5-nji minutdaky awtogoly bilen öňe geçse-de, olara üstünligini saklamak başartmady. 3-1 hasabynda üstün çykan “Sporting” toparyna ýeňiş getiren gollary Katamo (27), Luis Suares (57 p) hem-de Zalazar (63) öz atlaryna ýazdyrdylar.
PDF








