Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 29-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Owganystanyň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, dizel ýangyjyny satyn aldylar.
Mundan başga-da, daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň, Gyrgyzystanyň telekeçilerine nah ýüplük, tekiz boýalan we žakkard tüýjümek önümleri, jins matasy hem-de jins önümleri ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 31 million 340 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin “Türkmennebit” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen polipropileni, binýatlyk ýagy, float aýnasyny, el halylaryny satyn aldylar. Geleşikleriň jemi bahasy 12 million 938 müň manatdan gowrak boldy.