Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 9-sy hasaba alyndy.
Daşary ýurt puluna Türkiýäniň, Özbegistanyň, Azerbaýjanyň telekeçilerine nah ýüplük, çig ýüpek, pagta ýagynyň soapstogy ýerlenildi. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 746 müň dollaryndan gowrak boldy.
Ýurdumyzyň işewürleri içerki bazar üçin jemi bahasy 78 million 93 müň manada deň bolan nah ýüplügi we pagta süýümini satyn aldylar.
PDF









