Her hep­dede şol bir gün­le­ri baş­dan ge­çir­ýä­ris. Hep­de ha­sa­by­na du­şen­be gü­ni baş­la­ýa­rys, ýek­şen­be gü­ni ta­mam­la­ýa­rys. Eý­sem, 7 gün­lük wagt ha­sa­by ni­re­den eme­le gel­di­kä?! Nä­me üçin bir hep­de 7 gün­den yba­rat­ka?!
Wagt ha­sa­by as­man ji­sim­le­ri­niň he­re­ke­ti­ne esas­lan­ýar. Bir gün (24 sa­gat) Ýe­riň öz oku­nyň da­şyn­dan do­ly aý­lan­ma­gy bi­len eme­le gel­ýär. Bir ýyl (365 gün 6 sa­gat) Ýe­riň Gü­nüň da­şyn­dan bir ge­zek aý­lan­ma­gy­dyr. Bu goş­ma­ça sa­gat se­bäp­li her dört ýyl­dan bir ge­zek few­ral aýy­na bir gün go­şul­ýar. Bu «ka­bi­sa ýy­ly» (ar­tyk ýyl) diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar.
Şeý­le-de bol­sa, hep­de we aý dü­şün­je­le­ri gün hem-de ýyl ha­sa­by ýa­ly aý­dyň däl. Aýyň fa­za­la­ry Gün ýy­ly bi­len do­ly ga­bat gel­me­ýär. Aýyň Ýe­riň da­şyn­dan aý­la­ny­şy, tak­my­nan, 27 gün 7 sa­gat do­wam ed­ýär. Bu bol­sa Gün ha­sa­byn­da 13 aýyň bol­ýan­dy­gy­ny aň­lad­ýar.
Ga­dy­my wa­wi­lon­ly­lar as­man ji­sim­le­ri­ni we pla­ne­ta­la­ryň he­re­ket­le­ri­ni öw­re­nen ilkinji halk bo­lup, 7 gün­lük hep­de ha­sa­by­ny ýo­la goý­ýar­lar. Olar 7-lik bel­gä uly hor­mat go­ýup­dyr­lar. Ga­dy­my Wa­wi­lon­da 7-lik bel­gi şow­lu­ly­gyň, 7 gat as­ma­nyň, 7 bö­lek ýer bö­le­gi­niň ny­şa­ny ha­sap­la­nyp­dyr. Wa­wi­lon­ly­lar göz bi­len saý­ga­ryp bol­ýan 7 sa­ny as­man ji­si­mi­niň (Gün, Aý, Mer­ku­riý, We­ne­ra, Mars, Ýu­pi­ter we Sa­turn) bar­dy­gy­na yna­nyp­dyr­lar. Olar aý se­ne­na­ma­sy­ny şu dü­şün­jä gö­rä dü­züp, bir aýy 7 gün­den yba­rat 4 bö­le­ge bö­lüp­dir­ler. Şol dö­wür­ler­de beý­le­ki siwi­li­za­si­ýa­lar­da hep­de gün­le­ri baş­ga san­lar bi­len aň­la­dy­lyp­dyr. My­sal üçin, mü­sür­li­le­riň 1 hep­de­sin­de 10 gün, rim­li­le­riň 1 hep­de­sin­de 8 gün bo­lup­dyr.
Ga­dy­my wa­wi­lon me­de­ni­ýe­ti­niň köp ýurt­la­ra tä­sir et­me­gi bi­len, bi­ziň eý­ýa­my­myz­dan öň­ki VII-VI asyr­lar­da 60 mi­nut­lyk sa­gat ha­sa­by we 7 gün­lük hep­de dü­şün­je­si ka­bul edi­lip baş­lan­ýar. 7-lik hep­de ha­sap­la­ma­sy­na il­ki bi­len pars­lar we grek­ler geç­ýär. Asyr­lar ge­çen­den soň Alek­sandr Ma­ke­dons­ki­niň grek me­de­ni­ýe­ti­ni köp ýurt­la­ra ýaý­ra­dyp baş­la­ma­gy bi­len, Hin­dis­tan, Ýa­kyn Gün­do­gar we Azi­ýa se­bit­le­ri hem 7 gün­lük hep­de ha­sabyny ka­bul ed­ýär­ler.
Ga­dy­my wa­wi­lon­ly­la­ryň ýer­li ynanç­la­ry­na gö­rä, oý­lap ta­pan 7 gün­lük hep­de ha­saby hä­zir­ki wagt­da hem bü­tin dün­ýä­de ula­ny­lyp ge­lin­ýär.