Dünýäde guşlaryň 11 müňden gowrak görnüşi ýaşaýar. Guşlaryň aglaba bölegi ösümligiň dänesi, gurçukdyr mör-möjek bilen iýmitlenýän bolsa, käbiri balykdyr et bilen oňňut edýär. Bularyň arasynda süňk iýýän sakgally garaguş täsin iýmitleniş aýratynlygy bilen köpleri haýran galdyrýar.
Ylmy ady «Gypaetus barbatus» bolan sakgally garaguş ýyrtyjy guşlar maşgalasyna degişli bolup, Ýewropanyň, Afrikanyň we Aziýanyň daglyk sebitlerinde duş gelýär. Garamtyl ganatly bu guşuň göwresi we kellesi aslynda ak reňkde bolýar. Gözüniň aşagynda sakgal ýaly uzyn gara tüý örtügi bolan ýyrtyjy guş, köplenç, ýata suwa baryp ýuwunýar we palçygy ýeleklerine çalýar. Şol sebäpli sakgally garaguş gyzgylt reňkde görünýär.
Sakgally garaguş, esasan, süňk bilen iýmitlenýär. Bu guşlar süňkleri çüňki bilen göterip, ýokary beýiklikden aşak taşlaýarlar. Süňk daşyň üstüne düşüp, kül-owram bolýar. Soňra bu guş aşak gonup, süňküň içindäki ýiligi we ownuk süňkleri iýýär.
Köplenç ýekelikde duş gelýän sakgally garaguşlar öz çägini ýyrtyjy guşlardan we jandarlardan berk goraýarlar. Bu guşlar günüň esasy bölegini ýokary belentlikde uçup geçirýärler. Sakgally guşlar käwagt taýak ýa-da agajyň kiçiräk bölegini ýokary äkidip, aşak taşlap, ýene-de howada tutup oýnaýarlar.
Guşuň insizden uzyn ganatlary howada çalt ýokary göterilmegine we uçmagyna mümkinçilik döredýär. Uzyn guýrukly bu guşlar sykylyga çalymdaş ses çykarýarlar. Göwresiniň uzynlygy 105-125 santimetre, ganatynyň uzynlygy 72-93 santimetre, agramy 5-7 kilograma çenli ýetýän sakgally garaguş gaýalaryň ýüzünde, gür şahaly arça agaçlarynyň üstünde we barmasy kyn ýerlerde höwürtgeleýär. Süňkçi guşlar dekabr aýynda ýumurtga goýup, ýanwar-fewral aýlarynda jüýjeleýär. Sakgally garaguşuň jüýjesi iýun aýynda özbaşdak uçup başlaýar.
Ýurdumyzyň daglyk sebitlerinde seýrek ýagdaýda duş gelýän süňkçi guşlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizildi. 30 ýyldan gowrak ýaşaýan sakgally garaguş Tebigaty we tebigy baýlyklary goramak boýunça halkara bileleşigi (IUCN) tarapyndan ýitip gitmek howpy abanýan jandarlaryň sanawynda görkezilýär.
PDF








