Türkiýäniň Merkezi bankynyň başlygynyň orunbasary Fatih Karahan bu bankyň täze başlygy wezipesine bellendi. Bu barada “Official Gazette” neşirinde habar berildi. Karahanyň bu wezipä bellenilmegi Merkezi Bankyň başlygy Hafize Gaýe Erkanyň işinden çekiljekdigini yglan edeninden birnäçe sagat soň boldy. Erkan 8 aý ozal bu wezipe bellenipdi.
Fatih Karahan öz karýerasyna Nýu-Ýorkuň Federal ätiýaçlyk bankynda ykdysatçy hökmünde başlapdy. 2022-nji ýylda “Amazon”-da uly ykdysatçy, soň bolsa kompaniýanyň baş ykdysatçysy bolup işledi. 2023-nji ýylyň iýulynda Fatih Karahan Merkezi bankyň başlygynyň orunbasary wezipesine bellendi.