Türkiýäniň syýahatçylyk girdejileri 2022-nji ýyl bilen deňeşdirilende, 17% ýokarlanyp, 2023-nji ýylda 54,3 milliard dollara ýetdi. Bu barada Türkiýäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoý Stambulda geçirilen maslahatda habar berdi.
Ministr geçen ýyl bu ýurda 56,7 million syýahatçynyň gelendigini, munuň bolsa, ondan öňki ýyldakydan 10% köpdügini aýtdy. M. N. Ersoý, 2018-nji ýyldan bäri Türkiýäniň strategiýasyny üýtgedendigini we syýahatçylyk ugurlaryny diwersifikasiýa edendigini belledi