17-nji sentýabrda paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň, birnäçe ýurtlaryň döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, daşary ýurtlaryň belli hünärmenleriniň, halkara guramalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de beýleki hormatly myhmanlaryň gatnaşmagynda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň resmi açylyş dabarasy boldy.
Milletimiziň gadymyýetden gelýän ruhy baýlygyny, simwollaryny, taryhyny, aýdym-sazyny we sungatyny dabaralandyryp görkezýän özboluşly bu çärä türgenler, resmi adamlar hem-de tomaşaçylar çagyryldy.
Milletimiziň gadymyýetden gelýän ruhy baýlygyny, simwollaryny, taryhyny, aýdym-sazyny we sungatyny dabaralandyryp görkezýän özboluşly bu çärä türgenler, resmi adamlar hem-de tomaşaçylar çagyryldy.
2017-nji ýylyň 17-nji sentýabry Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň taryhyna öçmejek sene bolup girdi. Şol özboluşly wagt pursatlary Merkezi Aziýada ilkinji gezek uly sport ýaryşyny guramak hem-de kabul etmek hukugyna eýe bolan Türkmenistanyň päk ahlaklylygyň, sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdudygyny ýene-de bir gezek subut etdi.
7500 sany aýdymçylardan, tansçylardan, sazandalardan hem-de akrobatlardan ybarat bolan ussatlaryň çykyşlaryna beslenen Aşgabat olimpiýa stadionynda ýatdan çykmajak pursatlaryň birine şaýat bolduk. Merkezi Aziýanyň taryhyndaky ilkinji giň gerimli çäreleriň biri – köpugurly sport ýaryşynyň açylyş dabarasy 45 000 tomaşaçynyň öňünde ýurdumyzyň maddy we ruhy gymmatlyklarynyň taraşlanyp görkezilen çykyşlary bilen utgaşyp gitdi.
Olimpiýa alawynyň ýakylmagy bilen bu şatlykly pursada ýürekleri heýjana gelen tomaşaçylaryň sesi stadiona ýaň saldy. Oýunlaryň alawynyň ýakylýan ýeri stadionyň monumentiniň – ak atyň ýeňsesinden ýokarlygyna galýan görnüşde milli däplerimize eýerilip, ýüzärlik şekilinde ýasalypdyr. Ol ýer ýüzünde at bilen bagly binagärlik sungatynyň iň uly heýkelidir.
Ýerden 30 metr ýokarda asylyp goýlan silindriň diametri 30 metre deň bolup, onuň daşyndaky örtükde beýikligi 25 metre deň bolan şekiller, suratlar görkezildi. Şeýle hem bu gurluş sahna üýtgeşmeleriniň, sahnanyň arkasynda işleýän döredijilik toparynyň ýüzlerçe agzasynyň görünmezligine ýardam berdi.
Owadanlygy bilen görenleri haýrana goýýan gamyşgulak ahalteke atlarynyň üstünde görkezilen akrobatlaryň özüne maýyl edýän çykyşlaryndan, nepis türkmen halysyndan başlap, ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň ýerine ýetiren aýdymlaryna we dabaranyň soňundaky ajaýyp feýerwerklere çenli dabaralandyrylyp görkezilen zatlaryň ählisi baýramçylyk gijesine mynasyp bezeg berdi.