2024-nji ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna Demokratik partiýa tarapyndan dalaşgärligi hödürlenýän ABŞ-nyň häzirki Prezidenti Jozef Baýden, Günorta Karolinada geçirilen deslapky saýlawlarda (praýmerizlerde) ynamly ýeňiş gazandy.
Bu ses berişlikde saýlawçylaryň 97%-i Baýdene ses berdiler.
Baýdeniň bäsdeşleri – kongresmen Din Fillips we ýazyjy Marianne Wilýamson 2% sesden aňryk geçip bilmediler diýip, “Associated Press” habar agentligi habar berýär.
Jozef Baýden ýanwar aýynda Nýu-Gempşirdr geçirilen praýmerizlerde hem ýeňiş gazandy.
Indi Prezident saýlawlaryna her iki partiýadan öňe saýlanan dalaşgärler tomusda hödürlener. Saýlawlar 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda geçiriler.