Londonyň Kýu Patyşalyk botanika bagynda her ýyl geçirilýän Orhideýa festiwaly başlandy. 3-nji marta çenli dowam etjek täsin festiwalda Madagaskar orhideýalarynyň seýrek duş gelýän görnüşleri bar bolup, olaryň käbirlerine ýok bolup gitmek howpy abanýar. Bu ýerde jemi 5000 orhideýa myhmanlara görkeziler. Olaryň käbirini seýrek duş gelýändigi sebäpli başga ýerde görmek aňsat däl.
– Halkara tebigaty goramak bileleşiginiň habaryna görä, orhideýalaryň takmynan 76 göterimine howp abanýar. Indi olary Madagaskaryň bäş sebitinden hem tapyp bilersiňiz – diýip, dünýäniň dördünji uly adasyndaky orhideýa gözlegçisi Landi Rajaowelona belläp geçýär.
Kyu bagy londonlylaryň we şäheriň myhmanlarynyň iň gowy bahar gezelençleriniň sanawynda birinji orunda durýar. Ol ýerde tropik orhideýalarynyň ýüzlerçesi hem-de dünýädäki iň uly orhideýa gerbarisi bar. Gerbaride bu owadan gülleriň 400 müňüniň nusgasy saklanýar.
Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.
PDF









