Dünýäniň iň köp tomaşa edilýän awtosport ýaryşlarynyň biri bolan Formula 1-de taryhy waka boldy. 17 ýyllyk F1 karýerasyny “Ferrari” toparynyň gadymy bäsdeşi “McLaren” hem-de “Mercedes” toparlarynda geçiren Hamilton italýan toparynyň düzümine goşular.

F1-iň 7 gezek çempiony, britaniýaly ýyldyz sürüji Lýuwis Hamilton 2025-nji ýyldan başlap, karýerasyny “Ferrari” toparynda dowam etdirer. 39 ýaşyndaky sürüji “Ferrari” bilen 2 ýyllyk şertnama baglaşdy. Onuň şol 2 ýyllyk döwürde resmi däl maglumatlara görä, 100 million funt sterling hak aljakdygy barada metbugatda bellenilýär. Hamilton geçen möwsümde “Mercedes” toparyndan 27,4 million funt sterling hak alypdy. Hamilton “Ferrari” toparynda ispaniýaly Karlos Saýns Junioryň ornuna geçer. Mälim bolşy ýaly, italýan brendi beýleki sürüjisi, monakoly Şarl Lekler bilen golaýda şertnamasynyň möhletini uzadypdy. Saýns bilen bolsa şu ýylyň ahyrynda şertnama tamamlanar.

Dünýäniň 7 gezek çempiony bolan Hamilton çempionlyklarynyň 6-syny “Mercedes” toparynda gazandy. 2013-nji ýylda bu topara goşulan Hamilton “Mercedes” toparynyň düzüminde 222 bäsleşikde 82 gezek ýeňiji boldy, 79 sapar hem ýaryşa 1-nji basgançakdan bat aldy. Soňky 2 möwsümde ýeke ýaryşda hem ýeňiş gazanyp görmedik Hamilton 2020-nji ýylda 7-nji çempionlygyny gazanyp, “Ferrari” toparynda 5 gezek çempion bolan rowaýaty sürüji Mihael Şumaheriň rekordyny gaýtalapdy.

F1 karýerasyna 2007-nji ýylda “McLaren” topary bilen başlan Hamilton bu toparda 6 ýyl çykyş edip, 1 çempionlyk gazandy. Hamilton umumylykda F1-de iň köp ýaryşda ýeňiş gazanan (103 ýeňiş), iň köp 1-nji orundan başlan (104), iň köp ýeňiş münberine çykan (197) hem-de yzyny üzmän iň köp ýaryşa gatnaşan (265) sürüjidir

F1-de iň köp çempionlyk gazanan topar bolan, ýöne 2007-nji ýyldan bäri çempionlygy ýatdan çykaran “Ferrari” toparyna Hamiltonyň nähili goşant goşjakdygyny bolsa wagt görkezer. Şol bir wagtyň özünde, 16 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmeýän “Ferrari” toparynyň ulaglary Hamiltonyň hereketlendirijisi “Mercedes”-e degişli bolmadyk ilkinji sürjek ulagy bolar.