Aziýa Kubogynda ilkinji finalçy belli boldy. Al Raýýan şäherinde geçirilen ýarym finalyň 1-nji duşuşygynda garaşylmadyk netije hasaba alyndy. FIFA-nyň reýtinginde 87-nji orunda barýan Iordaniýa 23-nji basgançakdaky Günorta Koreýany ýeňlişe sezewar edip, koreýleriň 64 ýyllyk çempionlyk arzuwy indiki ýaryşa galdy.

Çekeleşikli geçen oýunda Iordaniýanyň ýygyndysy yklymyň öňdebaryjy toparlaryndan Günorta Koreýanyň ýygyndysyny 2-0 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Gollary 53-nji minutda Ýazan Al-Naimat hem-de 66-njy minutda Mousa Sulaiman Al-Taamari geçirdi. Mundan öňki 2 tapgyrda soňky minutlarda hasaby deňläp, soňlugy bilen, ýeňiş gazanan koreýlere şol statistikasyny gaýtalamak başartmady. Yklym ýaryşynyň ilkinji 2 bäsleşiginde çempionlyk gazanyp, 64 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmän gelýän koreýleriň altyn medal gazanmak islegi indiki çempionata galdy.

Munuň tersine ilkinji gezek 2004-nji ýylda gatnaşan Iordaniýanyň ýygyndysy 5-nji sapar çykyş edýän ýaryşynda adyny finala ýazdyrmagy başardy.

Ilkinji gezek finala çykan Iordaniýanyň ýygyndysynyň garşydaşy şu günki Eýran – Katar duşuşygyndan soň belli bolar. 48 ýyldan bäri çempionlyk gazanyp bilmän gelýän Eýran bilen soňky çempion Kataryň arasyndaky ýarym final duşuşygy Dohada «Al Tumama» stadionynda oýnalar we 20:00-da başlanjak oýna kuweýtli Ahmad Al-Ali eminlik eder. Iki topar mundan 24 gezek duşuşyp, Eýranyň ýygyndysy 16, Kataryň ýygyndysy-da 3 gezek ýeňiş gazandy. 5 oýun deňlikde tamamlanyp, gollarda 41-16 eýranlylar öňde barýar.

Final duşuşygy 10-njy fewralda «Lusial» şäherindäki Lusail stadionynda oýnalar.