Fransiýanyň Dižon şäheri wodorod ulaglaryna geçýär

98

Golaýda Fransiýanyň Dižon şäherinde ekologiýa taýdan arassa ýangyç bilen hereket edýän ilkinji jemgyýetçilik ulaglary işe girizildi. 2030-njy ýylda bolsa awtobuslaryň ählisi we zibil daşaýjy ulaglar wodorod ýangyjynda hereket edip başlar. Ekologiýa taýdan arassa ulag energiýasy ýerli öndürijiler tarapyndan üpjün edilip bilner. Şunuň bilen baglylykda, Dižonda ilkinji wodorod önümçilik we paýlaýyş stansiýasy hem ulanyşa girizildi. Alternatiw energiýa çeşmelerine geçiş Ýewropa Bileleşiginiň 2050-nji ýyla çenli ýyladyşhana gazlarynyň zyňyndylaryny dolulygyna aradan aýyrmak baradaky çäreleriniň bir bölegidir. Şol bir wagtyň özünde bolsa munuň özi zyňyndylaryň mukdarynyň ep-esli azaldyljakdygyny we atmosferada ýygnanman, dolulygyna tebigy ýagdaýda siňdiriljekdigini aňladýar. Wodorod ulagy daşky gurşawa zyýan bermeýär, sebäbi ol atmosferamyza diňe suw buglaryny bölüp çykarýar. Şol ulaglaryň sessizligi bilen tapawutlanýandygyny hem bellemek gerek.

Mährem BABAMYRADOWA, Hojambaz etrabynyň ýaşaýjysy.