Hindistanyň Premýer-ministri Narendra Modi ýurduň energiýa pudagyna ýakyn bäş-alty ýylda 67 milliard dollar maýa goýuljakdygyny aýtdy. Ol bu barada 6-njy fewralda Goa şäherinde öz işine başlan Hindistanyň energiýa hepdeliginiň (India Energy Week 2024) açylyş dabarasynda aýtdy.
Premýer-ministriň sözlerine görä, hökümetiň amala aşyrýan özgertmeleri netijesinde tebigy gaz önümçiligi ösýär we ýurt esasy energiýa sarp edilişinde gazyň paýyny 6 göterimden 15 göterime çenli ýokarlandyrmak üçin tagalla edýär.
-Geljek bäş-alty ýylda maýa goýumlary, takmynan, 67 milliard dollar bolar – diýip ol belledi.
N. Modi Hindistanyň bioýangyç pudagynda öňegidişligini belläp, etanoluň goşulmasynyň ep-esli artandygyny, 2014-nji ýylda 1,5 göterimden 2023-nji ýylda 12 göterime çenli ýokarlanandygyny aýtdy. Bu takmynan, 42 million metrik tonna uglerod zyňyndylarynyň azalmagyna getirdi.
-Hökümet 2025-nji ýyla çenli benzine 20 göterim etanol goşmagy maksat edinýär – diýdi.
Geçen ýyl Hindistanyň energiýa hepdeliginde 80-den gowrak söwda nokadynda etanolyň 20 göterim goşulmagynyň başlandygyny bellän Modi, şeýle söwda nokatlarynyň sanynyň indi 9 müňe ýetendigini aýtdy.
Hindistanyň energetika hepdeligi dürli ýurtlardan 17 töweregi energiýa ministrini, 35 müňden gowrak myhmany we 900-den gowrak sergini özüne çeker diýlip garaşylýar.