Ýaponiýanyň “All Nippon Airways” (ANA) hem-de “Japon Airlines” (JAL) kompaniýalary geçen ýylyň aprel-dekabr aýlary aralygynda arassa girdejisini ep-esli artdyrdy. ANA satuwyny 22,6 göterim artdyryp, 1,54 trillion ýene (10,4 milliard dollar) ýetiripdir. Kompaniýanyň arassa peýdasy 2,4 esse artyp, 148,9 milliard ýene (1 milliard dollar) ýetipdir.
JAL awiakompaniýasy bolsa, degişli döwürde satuwyny 24,2 göterim artdyryp, 1,25 trillion ýene (8,4 milliard dollar) ýetiripdir. Awiakompaniýanyň arassa peýdasy bolsa 5 esseden gowrak artyp, 85,7 milliard ýene (579 million dollar) ýetiripdir.
Awiakompaniýalaryň arassa peýdalaryny ozalky ýylyň degişli döwründäkiden görnetin artdyrmagynda pandemiýa çäklendirmeleriniň aradan aýrylmagynyň täsiriniň bolandygy mälim edildi.