Azerbaýjanyň häzirki Prezidenti, bäşinji möhlete dalaş edýän Ilham Aliýew, 7-nji fewralda Respublikada möhletinden öň geçirilen Prezident saýlawlarynda 92,05% ses bilen ýeňiş gazandy. Bu barada ýurduň Merkezi saýlaw komissiýasynyň başlygy Mazahir Panahow sesleriň 93%-den gowragy sanalandan soň mälim etdi.
Ikinji orny 2,19% ses bilen parlamentiň deputaty Zahid Oruç eýeleýär. Ondan soň 2% ses bilen Beýik döreýiş partiýasynyň başlygy Fazil Mustafa, 1,76% ses bilen “Azerbaýjanyň birleşen halk fronty” partiýasynyň başlygy, parlamentiň deputaty Gudrat Hasanguluýew, 0,8% ses bilen “Milli front” partiýasynyň lideri Razi Nurullaýew, 0,67% ses bilen “Beýik Azerbaýjan” partiýasynyň başlygy Elşad Musaýew, 0,53% ses bilen Azerbaýjanyň Liberal demokratik partiýasynyň öňki balygy Fuad Aliýew gelýär.
Merkezi saýlaw komitetiniň maglumatlaryna görä, hasaba alnan saýlawçylaryň 6 million 478 müň 840-syndan 4 million 971 müň 32 adam gatnaşdy we saýlawlara gatnaşyk 76,73% boldy. 2018-nji ýylda geçirilen saýlawlarda Ilham Aliýew saýlawçylaryň 74,5% gatnaşygy bilen sesleriň 86,22% -ini alypdy.
Prezidentlik ugrunda 7 dalaşgär bäsleşdi. Saýlawlar 125 saýlaw okrugynda 6537 saýlaw uçastogynda geçirildi. Ses berişlige 790 halkara synçy gözegçilik etdi. Olar 72 halkara gurama we 89 ýurda wekilçilik edýär. Ýerli synçylaryň umumy sany 89 müň 366 adam. Şeýle-de, saýlawlara 109 halkara mediýa gurluşynyň 216 wekili gatnaşdy. Azerbaýjanda Prezident 7 ýyl möhlete saýlanýar.
10 milliondan gowrak ilaty bolan Azerbaýjan Resbublikasy Günorta Kawkazyň iň uly ýurtlarynyň biridir.