«Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi­niň baş­ly­gy H.Hu­daý­gu­ly­ýe­wiň hem-de we­kil­le­ri Fran­si­ýa Res­pub­li­ka­sy­nyň «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň Gün­do­gar Ýew­ro­pa we Mer­ke­zi Azi­ýa bo­ýun­ça wi­se-pre­zi­den­ti Žak Gar­ri­ge­niň ýol­baş­çy­ly­gyn­da­ky we­ki­li­ýet bi­len du­şu­şy­gy ge­çi­ril­di. Du­şu­şyk­da ta­rap­lar kos­mos ug­ry bo­ýun­ça iki­ta­rap­la­ýyn hyz­mat­daş­ly­gyň me­se­le­le­ri­ni ara alyp mas­la­hat­laş­dy­lar.
Bu ýer­de «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy Türk­me­nis­ta­na Ýe­riň üs­tü­ne uzak ara­lyk­dan gö­zeg­çi­lik et­mek hem-de su­ra­ta dü­şür­mek hyz­ma­ty­ny hö­dür­le­di. Mu­nuň özi dür­li ugur­lar, şol san­da kos­mos ul­ga­my­nyň işi­ne teh­no­lo­gi­ýa­la­ryň iň kä­mil nus­ga­la­ry­ny or­naş­dyr­mak bo­ýun­ça äh­mi­ýet­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­mek­de ne­ti­je­li iş­le­ri dur­mu­şa ge­çir­ýän Türk­me­nis­ta­nyň müm­kin­çi­lik­le­ri­ne be­ril­ýän ýo­ka­ry ba­ha­nyň ny­şa­ny­dyr.
Du­şu­şy­gyň bar­şyn­da «Türk­me­na­ra­gat­na­şyk» agent­li­gi bi­len «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gyň gel­je­gi hem ara al­nyp mas­la­hat­la­şyl­dy. Mu­nuň özi ta­rap­la­ryň ara­syn­da­ky hyz­mat­daş­ly­gy pug­ta­lan­dyr­mak­da hem-de tej­ri­be­le­ri alyş­mak­da mö­hüm ädi­me öw­rü­ler.
«Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy bi­len hyz­mat­daş­lyk ta­rap­lar üçin aja­ýyp hem öz­bo­luş­ly müm­kin­çi­lik­le­ri açar. Çün­ki hal­ka­ra gi­ňiş­li­gin­de, şol san­da iň iri kom­pa­ni­ýa­lar ta­ra­pyn­dan yg­ty­bar­ly hyz­mat­daş ha­sap­lan­ýan ýur­du­myz­da kos­mos ug­ru­nyň ösü­şi­ne, teh­no­lo­gi­ýa­lar dün­ýä­si­niň ga­za­nan­la­ry­na diý­seň uly orun be­ril­ýär. Bu ha­ky­kat «Air­bus» kom­pa­ni­ýa­sy­nyň ag­za­la­ryn­dan yba­rat bo­lan we­ki­li­ýet bi­len gu­ra­lan du­şu­şyk­da gi­ňiş­le­ýin be­ýa­ny­ny tap­dy.
Çeş­me: tca.gov.tm