Koreýanyň “Booyoung Group” atly gurluşyk firmasy çagasy bolan işgärlerini pul we jaý sowgat etjekdigini mälim etdi. Kompaniýa bu barada ýörite metbugat ýygnagynda mälim etdi. Habar berlişine görä, kompaniýanyň işgärlerine her bir bäbegi üçin 100 million won (75 müň dollar töweregi) pul sowgadyny berer. Şeýle hem kompaniýa 2021-nji ýyldan soňra doglan çagasy bolan işgärlerine-de, 70 bäbek üçin jemi 7 milliard won (5,25 million dollar) nagt pul berjekdigini mälim etdi. Bu goldawyň erkek we aýal işgärlere degişlidigi habar berildi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy Li Jon-keun çagalara seretmek üçin edilýän çykdajyny azaltmak üçin gönüden-göni goldaw berjekdiklerini aýtdy.
Üç çagasy bolana jaý
Kompaniýanyň ýolbaşçysy üç çagasy bolan işgärlerine 300 million won (225 müň dollar) nagt pul ýa-da hökümet tarapyndan gurluşyk üçin ýer bölüp berlen ýagdaýynda, öýi kärendesine almagy teklip etjekdigini belledi. Li çaga dogluşyny höweslendirmäge goşant goşan hem-de ýurduň geljegi üçin aladalanýan kompaniýa hökmünde tanalmagy umyt edýändiklerini belledi.
Soňky ýyllarda ýurduň ykdysadyýet güýçli depginler bilen ösýär, emma çaga dogluşy peselýär. Şeýle bolansoň, ýurduň hökümeti hem-de hususy kompaniýalar maşgalalary has köp çaga edinmäge höweslendirýän ýeňillikler hödürleýär.
Ýurduň statistika edarasynyň resmi çaklamalaryna görä, 2022-nji ýylda bir zenan başyna ortaça 0,78 bäbek düşýär. Bu görkeziji dünýäniň iň pes çaga dogluşy diýmegi aňladýar. Gynandyrýan ýeri, bu görkezijiniň 2025-nji ýylda 0,65 göterime düşmegine garaşylýar.
Çaga dogluşynyň azlygy dünýäniň beýleki ýurtlarynda hem bar. Senagat taýdan ösen Ýewropa ýurtlary bu meseläni daşyndan migrantlary kabul etmek arkaly azda-kände çözýärler. Emma Ýaponiýa, Koreýa we Hytaý ýaly ýurtlar migrantlary kabul etmekde ätiýaçly hereket edýärler.