Ýe­ňil­mez­li­giň sy­ry
Bir­wagt­lar ýe­ňil­me­zek bir päl­wan ýa­şap­dyr, ol ge­rek ýe­rin­de öz güý­jü­ni gör­kez­me­gi ha­la­ýan eken. Ol at-owa­za­ly äh­li päl­wan­la­ry – sö­weş sun­ga­ty­nyň us­sat­la­ry­ny ba­şa-baş sö­we­şe ça­gy­ryp­dyr hem-de he­mi­şe ýe­ňiş ga­za­nyp­dyr.
Ol bir ge­zek dag­da ýe­ke özi ýa­şa­ýan, uly us­sat ba­ra­da­ky gür­rüň­le­ri eşi­dip­dir. Ba­tyr ýi­git bu ada­myň göz­le­gi­ne çy­kyp, ahy­ry ony ta­pyp­dyr. Güýç­li ada­ma sa­ta­şa­ryn öý­den päl­wan öz kül­be­si­niň öňün­de ga­dy­my sö­weş sun­ga­ty bi­len tür­gen­le­şip du­ran go­ja­ny gö­rüp, geň ga­lyp­dyr.
– Aý, ýog-a, eý­sem, sen adam­la­ryň şöh­rat­lan­dyr­ýan şol be­ýik ur­şu­jy­sy­my?! Gör­ýän we­lin, adam­la­ryň ara­syn­da­ky gep-gür­rüň­ler se­niň güý­jü­ňi has-da ös­dü­rip gör­ke­zen ýa­ly-la. Ha­ky­kat­da bol­sa, sen gap­da­lyň­da ýa­tan har­saň da­şy hem ýe­rin­den goz­gap bil­mer­siň. Ýö­ne men is­le­sem, ony gö­te­ri­bem, zy­ňy­bam bil­jek – di­ýip, ýaş päl­wan baý­ry­nyp­dyr.
– Ada­ma daş gör­nü­şi bo­ýun­ça ba­ha be­rip bol­maz. Sen me­niň kim­di­gi­mi bil­ýäňmi, ýö­ne me­n se­niň kim­di­gi­ňi, nä­me mak­sat bi­len bu ýe­re ge­len­di­gi­ňi bil­ýän. Her gün ir­den men de­rä inip, ol ýer­den har­saň daş­la­ry ge­tir­ýä­rin-de, er­tir­ki maş­ky­myň so­ňun­da ola­ry sü­süp döw­ýä­rin. Se­niň bag­ty­ňa bu gün şeýt­mä­ge ýe­tiş­me­dim, ýö­ne sen öz ba­şar­ny­gy­ňy gör­ke­zip bi­ler­siň. Sen me­ni ba­şa-baş sö­we­şe ça­gyr­mak is­le­ýäň, men bol­sam, şu­nuň ýa­ly ujyp­syz za­dy ba­şar­ma­ýan adam bi­len güýç synanyşmakçy däl – di­ýip, go­ja pa­ra­hat jo­gap be­rip­dir.
Öjük­di­ri­len ur­şu­jy go­la­ýyn­da ýa­tan äpet daş­la­ryň bi­ri­ni iki eli bi­len de­pe­si­ne gal­dy­ryp, kel­le­si bi­len ony pyt­rat­jak bo­lup­dyr we­li, bir­de­nem, es­si aýy­lyp, çiň ar­kan gaý­dyp­dyr.
Ak gö­wün­li go­ja işi şow­la­ma­dyk ur­şu­jy­ny özü­ne ge­ti­rip, es­li wagt­lap ony be­je­rip­dir. Soň­ra uzak ýyl­lap oňa üýt­ge­şik sun­ga­ty – güýç bi­len däl-de, akyl bi­len ýeň­me­giň tär­le­ri­ni öw­re­dip­dir.

San­da däl-de, hil­de
Hy­taý emel­dar­la­ry­nyň bi­ri­niň ýe­ke og­ly bar eken. Ol edenli ýi­git bo­lup ýe­ti­şip­dir, ýö­ne çak­syz bi­per­waý eken. Oňa nä­me öw­ret­mä­ge sy­na­nyş­sa­la­ram, er­jel­lik gör­kez­me­ýän eken. Bi­li­mem ýüz­leý­je bo­lup­dyr. Go­wy ýe­ri: ol su­rat çek­me­gi, fleý­ta çal­ma­gy ba­şa­ryp­dyr, ýö­ne çe­ken su­rat­la­ry çe­per, çal­ýan saz­la­ry onçakly şi­rin bol­man­dyr.
Ýe­ke og­lu­nyň bu ýag­da­ýyn­dan bi­yn­ja­lyk bo­lan ata­sy, ony sö­weş sun­ga­ty bo­ýun­ça bel­li us­sa­da er­ki­niň tu­tan­ýer­li bol­ma­gy üçin şä­girt­li­ge be­rip­dir. Ýö­ne ba­hym şol bir­meň­zeş he­re­ke­ti, ur­gy­ny gaý­ta­la­mak ýet­gin­je­giň bi­zar-pe­te­ňi­ni çy­ka­ryp­dyr. Ol us­sa­dy­na şeý­le söz­ler bi­len ýüz­le­nip­dir:
– Ha­ly­pa! Eý­sem, şol bir he­re­ke­ti yzy­gi­der­li gaý­ta­lap dur­mak ge­rek­mi be­ri?! Eý­sem, ma­ňa indi ha­ky­ky sö­weş sun­ga­ty­ny öw­ren­mä­ge wagt bol­ma­dy­my?!
Us­sat oňa hiç hi­li jo­gap ber­män­dir, di­ňe beý­le­ki okuw­çy­lar bi­len bi­le­lik­de, aý­dy­lan he­re­ket­le­ri gaý­ta­la­ma­gy buý­rup­dyr. Tiz wagt­da ýet­gin­jek köpsan­ly tär­le­ri öw­re­nip­dir. Gün­le­riň bir gü­ni us­sat şä­gir­di­ni ýa­ny­na ça­gy­ryp, oňa düýr­le­nen ka­gy­zy uza­dyp­dyr:
– Şu ha­ty ka­ka­ňa el­tip ber!
Ýet­gin­jek ha­ty alyp, şä­her­de ýa­şa­ýan ka­ka­sy­nyň ýa­ny­na ug­rap­dyr. Şä­he­re bar­ýan ýo­luň iki ta­ra­py çe­men­zar­lyk bi­len gur­şa­lyp, onuň or­ta­syn­da bol­sa, haý­sy­dyr bir go­ja el sö­we­şi bo­ýun­ça tür­gen­le­şik geç­ýän eken. Ýet­gin­jek çe­men­zar­lyk­da­ky ýol­dan geç­ýän­çä, go­ja şol ­bir ur­gy­ny gaý­ta­la­ma­gy­ny do­wam et­di­rip­dir.
– Eý, go­ja! – di­ýip, ýet­gin­jek gülüpdir:
– Sen di­ňe ho­wa­ny ur­ýar­syň! Bu bol­şuň bi­len sen ça­ga­nam ýe­ňip bil­mer­siň!
Gar­ry oňa il­ki özi bi­len güýç sy­na­nyş­ma­gy­ny, on­dan soň­ra gül­me­gi­ni to­wak­ga edip­dir. Ýet­gin­jek tek­li­bi ka­bul edip­dir.
Ol on ge­zek go­ja hü­jüm edip­dir, ýö­ne go­ja ony on ge­ze­gem şol bir til­sim­dä­ki el ur­gu­sy bi­len urup ýy­kyp­dyr. Goja bu ur­gy­ny mun­dan ozal, ar­man-ýa­da­man bir­kem­siz kä­mil­leş­di­ren eken. Onun­jy ge­zek­den soň­ra ýet­gin­je­giň eý­ýäm söweşi do­wam et­dir­mä­ge me­ja­ly gal­man­dyr. Go­ja ol ýi­gi­de ga­rap:
– Men se­ni bir ur­gu­da hem ser­rel­dip bi­ler­dim. Ýö­ne sen en­tek ýaş, ke­le­saň. Sen indi öz ýo­luň bi­len bo­lu­ber! – di­ýip­dir.
Utan­dy­ry­lan ýig­dek­çe öý­le­ri­ne ba­ryp, ka­ka­sy­na ha­ty gow­şu­ryp­dyr. Ka­ka­sy ha­ty açyp okap, ony og­lu­na uza­dyp, şeý­le di­ýip­dir:
– Bu sa­ňa!
Tä­lim­çi şeý­le ýa­zan eken: “Kä­mil bir ur­gy, öz­leş­di­ril­me­dik ýüz ur­gu­dan go­wu­dyr”.

Iň go­wy tä­ze­lik
Golf bo­ýun­ça ýa­ryş ge­çi­ri­lip­dir. Ýe­ňi­ji köp muk­dar­da­ky pul baý­ra­gy­na my­na­syp bo­lup­dyr. Şa­dy­ýan tür­gen öýü­ne gaý­dyp bar­ýar­ka, golf meýdançasyndan uzak­da bol­ma­dyk ýer­de oňa bir aýal ga­bat ge­lip, ýe­ňiş ga­za­nyp alan pu­lun­dan iň bol­man­da, az-ow­lak ber­me­gi­ni so­rap­dyr. Ol şeý­le bir göz­gy­ny gör­nüp­dir we­lin, ýe­ňi­ji aýak çe­kip, onuň bar gür­rüň­le­ri­ni so­ňu­na çen­li diň­läp­dir. Gö­rüp otur­sa, onuň og­ly nä­sag eken. Oňa çyl­şy­rym­ly, gym­mat ba­ha­ly ope­ra­si­ýa edil­me­gi ze­rur eken, na­ça­ryň bol­sa tö­le­mä­ge pu­ly ýok eken.
Tür­ge­niň oňa re­hi­mi inip­dir, äh­li pul sy­la­gy­ny og­lan­jy­gyň sag­ly­gy­ny be­jert­mä­ge be­rip­dir. Ol ýe­ne-de bir­nä­çe gün­den soň, golf meýdança do­la­nyp ge­len­de, öz dost­la­ry­na kyn gü­ne dü­şen şol aýal ba­ra­da gür­rüň be­rip­dir.
– Wah, sa­ňa haý­py­myz gel­ýär – di­ýip, ola­ryň hem­me­si bir­den ses­le­nip­dir. Se­nem ol ýa­lan­çy­nyň eme­li­ne ço­la­şan eke­niň-ow! Ol se­niň pul­la­ry­ňy al­mak üçin, gör, nä­hi­li zat­la­ry tos­lap ta­pyp­dyr. Gy­nan­sak-da, bu ýag­daý eý­ýäm, onuň bi­rin­ji ge­ze­gi däl. Ba­gyş­laň, bu zat­la­ry sa­ňa ýe­ti­rip, se­niň kel­lä­ňi agyrt­mak bi­ze ju­da agyr deg­ýär. Ýö­ne biz se­niň dost­la­ry­ň ahy­ryn.
– On­da hiç hi­li nä­sag ça­ga ýok-da – di­ýip, çem­pi­on gaý­ta­dan so­rap­dyr.
– Ýok!
– Hu­da­ýa şü­kür! Bu soň­ky hep­dä­niň iň go­wy tä­ze­li­gi ahy­ryn – di­ýip, tür­gen ýyl­gy­ryp­dyr.

Kim go­wy gylyçlaşýar?
– Iň güýç­li gy­lyç­laş­ýan­çy kim? – di­ýip, ur­şu­jy öz us­sa­dyn­dan so­rap­dyr.
– Ga­la­nyň der­we­ze­sin­den aň­ry çyk. Ol ýer­de ga­ýa bar­dyr. Se­niň ol ga­ýa­nyň göw­nü­ne deg­me­gi­ňi is­le­ýän.
– Bol­ýar, ýö­ne men nä­me üçin beýt­me­li, ga­ýa jo­gap ber­mez ahy­ryn – di­ýip, tür­gen ge­ňir­ge­nip­dir.
– Bol­ýa, on­da öz gy­ly­jyň bi­len ony ur – di­ýip, tä­lim­çi aý­dyp­dyr.
– Men mu­nam et­men. Gy­ly­jym döw­ler-ä. Eger-de men ýum­ru­gy­my dü­wüp gaýa to­pu­laý­sa­mam, di­ňe eli­mi agyr­da­nym ga­lar, ga­ýa ýe­ti­ren zy­ýa­nym bol­maz. Men sen­den mu­ny so­ra­ma­dym. Kim iň go­wy gy­lyç­laş­ýan­çy?
– Kim şol ga­ýa meň­zeş bol­sa, şol hem iň güýç­lü­dir. Çün­ki ol gy­ly­jy­ny gy­nyn­dan çy­kar­man, hiç ki­miň özü­ni ýe­ňip bil­me­jek­di­gi­ne baý­ry­nyp, üs­tü­mi­ze aba­nyp dur.

Tär
Bu ýa­ryş Bri­tan Ko­lum­bi­ýa­syn­da ge­çi­ri­lip­dir. Onuň fi­nal­çy­la­ry ka­na­da­ly we nor­we­gi­ýa­ly tür­gen­ler bo­lup­dyr. Ola­ryň öňün­de şeý­le we­zi­pe goý­lup­dyr: ola­ryň her bi­ri to­ka­ýyň bel­li bir bö­le­gin­dä­ki agaç­la­ry ýy­kyp aýyr­ma­ly eken. Kim ir sa­gat 8-den öýle sagat 4-e çen­li nä­çe köp muk­dar­da agaç ýy­kyp bilse, şol hem ýe­ňi­ji bo­lar – diýlip, şert goýlupdyr.
Ir sa­gat 8-de jür­le­wük çal­nyp­dyr, agaç kes­ýän­ler öz or­unlaryny eýe­läp­dir­ler. Ka­na­da­ly nor­we­gi­ýa­ly­nyň tog­tan­dy­gy­ny eşid­ýän­çä, olar agaç ýa­tyr­ma­gy­ny do­wam et­di­rip­dir­ler. Ka­na­da­ly go­wy müm­kin­çi­li­giň dö­rän­di­gi­ne göz ýe­ti­rip, ta­gal­la­la­ryny iki es­se güýç­len­di­rip­dir. Sa­gat 9-da ka­na­da­ly nor­we­gi­ýa­ly­nyň tä­ze­den işe gi­ri­şen­di­gi­ni du­ýup­dyr. Olar ýe­ne-de to­ka­ýy ýaň­lan­dy­ryp, işe baş­lap­dyr­lar, bir­de­nem, 10-a 10 mi­nut ga­lan­da, ka­na­da­ly nor­we­gi­ýa­ly­nyň ýe­ne-de sak­la­nan­dy­gy­ny eşi­dip­dir. Ka­na­da­ly bäs­de­şi­niň gow­şak­ly­gyn­dan peý­da­lan­mak is­läp, ýe­ne-de işe gi­ri­şip­dir.
Nor­we­gi­ýa­ly sa­gat 10-da tä­ze­den işe gi­ri­şip­dir. Ol 11-e 10 mi­nut gal­ýan­ça, az wagt­ly­gam işi tog­tat­man­dyr. Ka­na­da­ly eý­ýäm ýeň­şiň golaýlandygyny duýup, öz ýa­nyn­dan be­ge­nip, şol bir dep­gin­de iş­le­me­gi­ni do­wam et­di­rip­dir.
Bü­tin gün şeý­le hörpde do­wam edip­dir. Nor­we­gi­ýa­ly her sa­gat­da 10 mi­nut­lyk sak­la­nan­da-da, ka­na­da­ly iş­le­me­gi­ni do­wam et­di­rip­dir. Ha­çan-da, bäs­le­şi­giň gu­ta­ran­ly­gy ba­ra­da öý­län­den soň, gö­ni sa­gat 4-de jürlewük çalnanda, ka­na­da­ly baý­ra­gyň eý­ýäm jü­bü­sin­de­di­gi­ne do­ly yna­nyp­dyr. Ýö­ne ol özü­niň ýeň­len­di­gi­ni eşidende, ju­da geň ga­lyp­dyr.
– Bu nä­hi­li beý­le bol­ýar? Men her sa­gat­da se­niň 10 mi­nut işi togtad­ýan­dy­gy­ňy eşit­dim ahy­ryn. Haý, jyn uran diý­sä­nim, sen ma­ňa se­re­de­niň­de, has köp agaç ýyk­ma­ny ba­şar­dyň. Bu müm­kin däl ahy­ryn – di­ýip, kanadaly özelenipdir.
– As­lyn­da bu ju­da ýö­ne­keý – di­ýip, nor­we­gi­ýa­ly gö­nü­läp­dir.
– Men her sa­gat­da 10 mi­nut sak­lan­dym. Şol wagt sen agaç çap­ma­gy­ňy do­wam et­dir­ýär­käň, me­nem pal­ta­my çal­dym.

Haý­sy­sy ýeňýär?
Gar­ry in­de­ý ag­ty­gy­na dur­muş ha­ky­ka­ty­ny açyp ber­ýär:
– Her bir ada­myň için­de iki mö­je­giň gö­re­şi­ne meň­zeş gö­reş gid­ýär. Bir mö­jek­de men-men­lik, te­kep­bir­lik, gö­rip­lik, ýa­lan­çy­lyk, ga­ban­jaň­lyk ýa­ly äh­li er­bet­lik­ler jem­le­nen. Beý­le­ki mö­jek­de bol­sa, ag­zy­bir­lik, söý­gi, umyt, ha­ky­kat, şat­lyk, sa­byr-ta­kat­ly­lyk ýa­ly äh­li go­wu­lyk­lar bar.
Ata­sy­nyň aý­dan­la­ryn­dan tä­sir­le­nen ag­ty­gy pi­kir­le­nip dur­şu­na go­ja şeý­le so­wal be­rip­dir:
– Ahyr­so­ňy haý­sy mö­jek ýeň­ýär?
Gar­ry in­de­ý ça­la­rak ýyl­gy­ryp­dyr-da, şeý­le jo­gap gaý­ta­ryp­dyr:
– He­mi­şe se­niň gow­uja na­har­la­ýan mö­je­giň ýeň­ýän­dir.

Top­lan we ter­ji­me eden
Ýe­gen­mäm­met Taý­ly­ýew.
“Za­man-Türk­me­nis­tan”.