Nemes romançysy, şahyry, tankytçysy, jemagatşynasy German Gesse 1877-nji ýylyň 2-nji iýulynda Germaniýanyň Kalw şäherinde ylahy eserleri neşir edýän, ylahyýetçiniň maşgalasynda dünýä inýär. Ýazyjynyň ejesi Mariýa Gundert Gesse dilçi bolup, uzak wagtlap Hindistanda ýaşaýar hem-de dul galandan soňra Gesseniň kakasyna durmuşa çykýar. Ýazyjynyň kakasy Iohannes Gesse, öz wagtynda Hindistanda missionerlik işi bilen meşgullanýan eken.
1880-nji ýylda maşgala Bazele göçýär, Gesseniň kakasy ol ýerde 1886-njy ýyla çenli mugallymçylyk edip, ýene-de Kalwe dolanýar. Gesse çagalykda şahyr bolmagy arzuw etse-de, ata-enesi onuň maşgala dessurlaryna eýermegini isläp, ylahyýetçi bolmaga taýýarlaýar. Ol ata-enesiniň isleglerine eýerip, 1890-njy ýylda Gýoppingendäki Latyn mekdebine okuwa girýär, soňky ýyl bolsa, Maulbronndaky protestant mekdebine geçýär. Oglanjygyň yhlasyna garamazdan, ylahyýetçilik ugrundan eden tagallalary şowsuz bolýar.
Ýetginjek birnäçe wagtlap kakasynyň çaphanasynda işleýär, soňra bolsa, birnäçe gezek hünärini çalşyp, iň soňunda 1895-nji ýylda Týubingende kitap satyjy bolup işe durýar. Bu ýerde oňa okamaga oňaýly mümkinçilik döreýär. Ol esasan hem, Gýoteniň döredijiligi we nemes romantikasy bilen gyzyklanyp, öz bilimini artdyrýar.
Ol 1899-njy ýylda “Kiçijik gurnak” atly edebiýat jemgyýetine okuwa girýär we özüniň ilkinji kitaplaryny neşir etdirýär. Ol “Romantik aýdymlar” atly goşgular ýygyndysyny we “Ýarygijeden soňky sagat” atly gysga hekaýalardan we kyssa bilen ýazylan goşgulardan ybarat kitabyny neşir etdirýär. Ol şol ýyl Bazelde kitap satyjysy bolup işe durýar. Gesseniň “German Lauşeriň eserleri we şygyrlary” atly birinji romany 1901-nji ýylda çap edilýär, emma edebiýat üstünligi ýazyja diňe üç ýyldan soň, haçan-da onuň “Peter Kamensind” diýen ikinji romany çykandan soň gelýär. Soňra German Gesse işini goýup, oba gidýär we diňe öz eserlerinden gelýän girdejiniň hasabyna ýaşaýar. Ol 1904-nji ýylda Mariýa Bernuýa öýlenýär we olaryň üç çagasy bolýar. Ýazyjynyň “Peter Kamensind” we beýleki eserleri awtobiografik häsiýete eýe. Bu ýerde Gesse eserleriniň ählisini diýen ýaly söýgüli mowzugyna – şahsyýetiň özüni kämilleşdirmegiň ýolundaky tagallalaryna bagyşlaýar. Ol 1906-njy ýylda özüniň mekdep ýyllaryna, şeýle hem, buržuaz jemgyýetiň döredijilik adamlarynyň meselelerine bagyşlanan “Çarh astynda” diýen powestini ýazýar. Şol ýyllar Gesse dürli döwürleýin neşirýatlarda köpsanly oçerkleri, esseleri ýazýar we 1912-nji ýyla çenli “Mart” žurnalynda redaktor bolup işleýär. 1910-njy ýylda onuň “Gertrud” atly romany neşir edilýär, soňky ýyl bolsa, Gesse Hindistana syýahata ugraýar we ol ýerden geleninden soňra, 1913-nji ýylda “Hindistandan” atly hekaýalar, oçerkler we şygyrlar ýygyndysyny çykarýar. 1914-nji ýylda bolsa, onuň “Roshalde” atly eseri neşir edilýär.
1912-nji ýylda German Gesse we onuň maşgalasy Şweýsariýa ymykly göçýär we 1923-nji ýylda şweýsar raýatlygyny alýar. Onuň 1916-njy ýylda oglunyň, ruhy keselli aýalynyň saglygynyň ýaramazlaşmagy hem-de kakasynyň aradan çykmagy zerarly öz ruhy saglygyna hem belli bir derejede zeper ýetýär. Ol 1919-njy ýylda “Demian” romanyny ýazyp, ony Emil Sinkler tahallusy bilen neşir etdirýär. “Demian” bahym ýaşlaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolýar.
Gesse 1919-njy ýylda maşgalasyny goýup, Şweýsariýanyň günortasyndaky Montanola göçüp barýar. 1923-nji ýylda onuň “Siddhartha” atly kitaby çykýar. Bu eserde onuň Hindistana amala aşyran sapary, şeýle hem ýazyjynyň gündogar ýurtlarynyň däp-dessurlaryna bolan gyzyklanmasy beýan edilýär. “Çöl möjegi” romany ýazyjynyň ähmiýetli romanlarynyň biri bolup, onda ýazyjynyň gahrymany, suratkeş Garri Galler durmuşyň düýp manysyny agtarýar. Häzirki zaman edebiýatçysy Ernst Rozeniň sözlerine görä, “Çöl möjegi” – munuň özi ruhy gymmatlyklaryň gözlegindäki ynsanyň öz aňasty çuňluklaryna niçiksi aralaşyp başarýanlygy baradaky ilkinji nemes romanydyr. Onuň “Narsiss we Geldmund” (1930) eserindäki wakalar bolsa, orta asyr Germaniýasynda bolup geçýär.
Ol 1931-nji ýyldan başlap, 1943-nji ýylda neşir edilen “Monjuk oýny” atly eseriniň üstünde işläp ugraýar. Ol 1946-njy ýylda “Ynsanperwerligiň nusgawy taglymlaryny has aýdyňlyk bilen ýüze çykarýan joşgunly döredijiligi, şeýle hem ajaýyp usulyýeti üçin” Nobeliň edebiýat boýunça baýragy bilen sylaglanýar. Şwed akademiýasynyň wekili Anders Esterling öz çykyşynda şeýle diýýär: “Sylag Gesse iň bir pajygaly döwürde hakyky ynsanperwerligi goranlygy, şeýle hem şahyrana üstünligi üçin gowşurylýar”. Gesse dabaraly ýygnaga gelip bilmeýär we onuň adyndan şwed ministri Genri Wallaton çykyş edip, şwed akademiýasynyň prezidenti Zigurda Klurmanyň aýdanlaryna salgylanyp şeýle diýýär: “Gesse bizi öňe, has ýokary göterilmäge çagyrýar! Özüňden rüstem gel! Adam bolup ýaşamak – munuň özi, ýagşylyk bilen ýamanlygyň arasyndaky göreşdir”. German Gesseniň eserleriniň içinden bolsa, haýryň şerden üstün çykyşy eriş-argaç bolup geçýär.
Gesse Nobel baýragyny alandan soňra hiç hili iri eseriň başyna barmaýar. Soňky ýyllarda hiç ýere gitmän diňe Şweýsariýada ýaşap, 85 ýaşynyň içinde 1962-nji ýylyň 9-njy awgustynda aradan çykýar.
Gesse Nobel baýragyndan başga-da, Gottfrid Keller adyndaky Sýurihiň edebiýat baýragy, Gýote adyndaky Frankfurt baýragy, Günbatar Germaniýanyň neşirýat işgärleriniň we kitap söwdagärleriniň assosiasiýasynyň Parahatçylyk baýragy, şeýle hem Bern uniwersitetiniň hormatly doktory derejesi bilen sylaglanýar. Ol 1926-njy ýylda ýazyjylaryň Prus akademiýasyna saýlanýar, ýöne dört ýyldan soň, Germaniýadaky içerki ýagdaýlar zerarly akademiýanyň düzüminden çykýar.
Gesse tä Nobel baýragyna eýe bolýança diňe german dilli Ýewropa ýurtlarynda tanalýardy. Soňky ýyllarda bolsa, onuň kitaplary dünýäniň dürli dillerine terjime edilip, XX asyryň iň meşhur ýazyjylarynyň hataryna girýär. Gesse öz eserlerinde XX asyryň başlaryndaky iň uly meselelere ünsüni gönükdirýär. Onuň döredijiligi romantizm bilen ekzistensializmiň arasyndaky özboluşly köprüdir. 1960-70-nji ýyllarda Gesseniň abraýy dünýä jemgyýetçiliginde has-da artyp, onuň döredijiligi bilen ýaşlaram çynlakaý gyzyklanyp başlaýarlar. Esasan hem, onuň abraýy ABŞ-nyň ýaşlarynyň arasynda görnetin ösýär. Şol birwagtyň özünde onuň eserleri köpsanly edebiýatçylar we tankytçylar tarapyndan jikme-jik öwrenilip, baha berilýär. Ýöne 1980-nji ýyllardan soň Gesseniň döredijiligine bolan gyzyklanma, öňküsine garanyňda belli bir derejede pese düşüp ugraýar. Ýöne muňa garamazdan, Gesseniň eserleri ozalkysy ýaly XX asyryň edebiýatynda aýratyn orun eýeleýär.