Ýewropaly klimatologlaryň pikiriçe, dünýä derejesinde agyz suwunyň ýetmezçiligi 2050-nji ýyla çenli artyp biler. Bu barada “24KZ” habar berýär. Geçirilen barlaglaryň dowamynda hünärmenler dünýädäki 10 müň derýany we beýleki suw howdanlaryny gözden geçirdiler. Olaryň üçden bir bölegi şu asyryň ortalaryna çenli içmek üçin ýaramsyz bolar. Muňa azot dökünleriniň köp ulanylmagy sebäp bolar. Netijede, ilatyň 91%-den gowragy arassa suwdan peýdalanmakda bökdençlikleri başdan geçirer. Alymlaryň belleýşi ýaly, bu mesele, esasan, Ýakyn Gündogar, Günorta we Gündogar Aziýa ýurtlaryna, şeýle hem Demirgazyk Afrika we Ýewropa ýurtlaryna täsir eder. Bu sebitler ähli suwlaryň umumy meýdanynyň 48%-ini eýeleýär.