Newada ştatynda geçirilen içerki partiýa saýlawlarynda ABŞ-nyň öňki Prezidenti Donald Tramp ýeňiş gazandy. Bu ýeňiş oňa 26 ştatyň delegatynyň goldawyny berýär diýip, BBC habar berýär.
Donald Trampyň ýeke-täk çynlakaý bäsdeşi ABŞ-nyň BMG-däki öňki ilçisi Nikki Heýli Newadadaky praýmerizleri geçiriip, özüniň gubernator bolan ştaty Günorta Karolina ştatyna bil baglady. Şol ýerde 24-nji fewralda prezidentlige dalaşgärler üçin Respublikan partiýanyň içerki saýlawlary geçiriler.
Tramp eýýäm üç ştatda – Newada, Aýowa we Nýu-Gempşir ştatlarynda geçirilen saýlawlarda ýeňiş gazandy. Şeýle hem, ol ABŞ-nyň inkorporasiýa edilmedik çäkleri bolan Wirjin adalaryndaky Respublikan ýygnagynda ýeňiji boldy.
Respublikan partiýa tarapyndan prezidentlige dalaşgär hökmünde saýlanmak üçin Amerikanyň öňki lideriniň 1215 delegatyň goldawyny almagy zerurdyr. Içerki partiýa saýlawlary iýun aýynda tamamlanar. Respublikan partiýanyň gurultaýy iýul aýynda guralyp, onda Prezidentlige dalaşgär yglan ediler.
ABŞ-da geçiriljek prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 5-nji noýabrynda meýilleşdirilýär.