Çiliniň demirgazygyndaky Atakama çöli adaty bolmadyk ýagdaýda gül-gülälekli ýaýla öwrüldi. Dünýäniň iň gurak sebiti hasaplanýan çölde ösümlikleriň 200-den gowrak görnüşi ösüp, gül açdy. “Desierto florido” (Gül açýan çöl) atly bu tebigy hadysa örän seýrek ýagýan ýagşyň yzýany peýda bolýar. Birnäçe ýyldan bäri topragyň aşagynda ýatan ösümlik däneleri we damarlary janlanyp, ösüp başlaýar. Mundan ozal, 2015-nji ýylda hem çölüň käýerlerinde şeýle ýagdaý bolupdy. Bu gözelligi ýurduň dürli ýerinden hem-de daşary ýurtlardan gelen syýahatçylar we tebigaty öwreniji alymlar baryp gördüler. Ýurduň syýahatçylyk edarasynyň wekilleri golaýda ösümlikleriň beýleki görnüşleriniň gül açjakdygyny belleýärler we oňa tomaşa etmäge çagyrýarlar. Ak reňkli gül açan ösümlikler uzakdan seredeniňde, meýdany örten gara meňzeýär. Bu ýerde başga-da birnäçe reňkli güller bar.
Täsin tebigy gözellik
Dünýäniň iň gury çöli hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Atakama ummanyň kenaryndadygyna garamazdan, ygalsyzlygy bilen tapawutlanýar. Ýer ýüzüniň uly bölegini çöller emele getirip, ekwatora ýakyn çöllerde howa yssy bolýar. Hytaýdaky Taklamakan, Gobi we Çilidäki Atakama ýaly çöllerde bolsa, howa sowuk bolýar.
Çöl Çiliniň Antofagasta we Arika port şäherleriniň arasyndaky kenarýakada ýerleşýär. Bu ýerdäki ygalyň mukdary Sahara çölünden 250 esse azdyr. Sebitiň şeýle gurak bolmagy örän täsin tebigy hadysadyr. Onuň esasy sebäbi Ýuwaş ummanynyň kenaryna golaý ýerlerdäki sowuk suw akymy hasaplanýar. Bu akym Antarktikadan başlap, Günorta Amerikadaky Ant daglaryna parallel ýagdaýda demirgazyga bakan akýar we howanyň gyzgynlygynyň 7-8 dereje peselmegine getirýär. Şeýlelikde, buguň döremegi azalyp, ygal düşmeýär. Atakamanyň köp ýerine birnäçe ýyllap ýagyn ýagmaýar.
Kosmosy öwrenmekde hem bu çöl uly ähmiýete eýedir. Sebäbi çölde ygal ýok. Şonuň üçin ol ýerde bulut hem bolmaýar. Bu bolsa, islendik wagtda asman giňişligini öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şol sebäpli bu ýerde gurlan äpet teleskoplar arkaly hemişe älem giňişligi öwrenilýär.